Singapuryň Nanýang tehnologiýa uniwersiteti hem-de “Volvo Buses” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan 12 metrlik sürüjisiz awtobus bellenen aralykda ilkinji synagdan geçirildi. Bu synag uniwersitet bilen ýurduň gara ýollary edarasynyň sürüjisiz ulaglary taýýarlamak baradaky hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyryldy. Elektrik energiýasy bilen işleýän “Volvo 7900” kysymly awtobusyň 36 oturgyjy bolup, jemi 80 ýolagça niýetlenen. Häzire çenli sürüjisiz jemgyýetçilik ulaglary birnäçe gezek synagdan geçirildi. Hatda käbir Ýewropa şäherlerinde birnäçe ýyldan bäri sürüjisiz awtobuslar hereket edýär. Emma olar adaty awtobuslardan has kiçi. Bu synag adaty ululykdaky awtobus bilen geçirilen ilkinji synag boldy. Howa hiç hili hapa gaz goýbermeýän ulag özi bilen deňeçer dizel ýangyçly awtobusdan 80 göterim az energiýa sarp edýär. Awtobusa dürli sensorlar we emeli aň tarapyndan gözegçilik edilýän abzallar ýerleşdirildi. Olaryň arasynda ýagtylygy, aralygy duýýan sensorlar we şekili üç ölçegli ýazga alýan kameralar hem bar. Şeýle hem global nawigasiýa ulgamy beýleki hereket edýän islendik zadyň ýerini awtobusa habar berýär. Awtoulag ilki uniwersitetiň kampusynda, soňra şäheriň ýollarynda beýleki ýolagçylara hyzmat eder.