“Pa­na­so­nic” kom­pa­ni­ýa­sy Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da in­no­wa­si­ýa ba­gyş­la­nan ýyg­nak­da dür­li iş şert­le­rin­de ula­nyp bol­ýan plan­şe­ti­ni gör­kez­di. 10,1 dýuým­lyk “Pa­na­so­nic Tough­pad FZ-A2” at­ly “and­ro­id” plan­şet, esa­san, aw­tou­lag önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nip­dir. Mun­dan baş­ga-da en­jam bö­lek söw­da, sy­ýa­hat­çy­lyk we güý­men­je-dynç alyş pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän­le­riň iň ýa­kyn kö­mek­çi­si­ne öw­rü­ler. Şeý­le-de açyk meý­dan­lar­da iş­läp, eda­ra bi­na­syn­da­ky mag­lu­mat­la­ry he­mi­şe gör­me­li bol­ýan hü­när­men­ler üçin diý­seň go­wy en­jam. Ol ýe­ňil (880 g), ýu­ka (16,4 mm) owa­dan daş­ky gör­nü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ony ýa­g­şyň aşa­gyn­da hem ula­nyp bol­ýar. Planşet iýul­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.