Reno Newada uniwersitetiniň hünärmenleri ýagtylykdan netijeli peýdalanýan birnäçe gatly aýnany işläp taýýarladylar. Bu aýna tomsuň jöwzaly yssysynda serginledijiniň ulanylyşyny azaltmaga ýardam edýär. Salkyn howaly günlerde bolsa, Gün şöhlesinden has köp peýdalanýar. Ony jaýlara ýa-da awtoulaga oturdyp bolýar. Aýnany howanyň ýagdaýyna görä, agardyp ýa-da garaldyp bolýar. Bu tehnologiýanyň energiýany tygşytlaýandygy bellenilýär. Şeýle “akylly” penjireler häzirki wagtda bar hem bolsa, olaryň garalmagy ýa-da agarmagy üçin köp wagt gerek bolýar. Uniwersitetiň hünärmeni Kristofer Bariliň ýolbaşçylyk edýän toparynyň işläp taýýarlan aýnasy tok bermek arkaly agardylýar. Bir minutyň dowamynda garalýan aýna içeri düşýän şöhläni 94 göterim azaldýar. Şeýlelikde, serginledijili awtoulaglar hem-de binalar has az tok sarp ederler. Geçirilen barlaglarda aýnanyň 4 müň gezek agardylyp garaldylandan soňra hem netijeliligini saklap galandygy
anyklanyldy.