Öý­de ka­gy­za çy­zy­lyp oý­nal­ýan oýun­lar iň gy­zyk­ly oýun­la­r ha­sap­lan­ýar. Şol oýun­la­ryň bi­ri hem no­kat­lar­dan üç­burç­luk ýa­sa­lyp oý­nal­ýan oýun­dyr. Bu oý­na baş­la­maz­dan ozal, ka­gy­zyň ýü­zü­ne dik­li­gi­ne we ke­se­li­gi­ne on­lar­ça no­kat bel­le­me­li. Ke­se­li­gi­ne-de, dik­li­gi­ne-de no­kat­la­ryň sa­ny­nyň jü­büt bol­ma­gy­na üns be­riň! Mu­nuň üçin gö­ze­nek­ çyzykly dep­der­den peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Iki bo­lup oý­nal­ýan oýun­da her oýun­çy ge­zek­li-ge­ze­gi­ne bir gö­çüm edip bil­ýär. Her gö­çüm­de bir çy­zyk çy­zyp, iki no­ka­dyň ara­sy­ny bir­leş­di­rip bol­ýar. Oý­nuň mak­sa­dy gar­şy­da­şyň­dan öň üç­burç­luk ýa­sa­mak­dan yba­rat. Eger oýun­çy­la­ryň bi­ri çe­ken çy­zy­gy bi­len üç­burç­luk eme­le ge­ti­rse, ikin­ji gö­çü­mi edip bil­ýär. Üç­burç­lu­gyň içi­ne bol­sa, ady­nyň baş har­py­ny ýaz­ýar. Şeý­le­lik­de, iň köp üç­burç­luk ýa­san oýun­çy ýe­ňi­ji bol­ýar. Bu oýun gar­şy­da­şy­ň gö­çüm­le­ri­ni ha­sap­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy se­bäp­li, go­wy pi­kir­len­me­gi ta­lap ed­ýär. Oýun di­ňe wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mä­ge däl, eý­sem, pi­kir­len­mek, dür­li wa­ka­la­rdan ne­ti­je çy­ka­ryp bil­mek uky­by­ny hem ös­dür­ýär.