Dünýäniň häzire çenli çözülmedik iň kyn soraglarynyň birini superkompýuter iki günde çözdi. Kompýuteriň matematika soragynyň çözülişiniň subutnamasy 200 terabaýt boldy. Bu sowaly matematikler birnäçe ýyldan bäri çözmäge çalyşýardylar. “Boolean” Pifagor üçlügi atly mesele häzire çenli subutnamasy iň uly bolan sowal boldy. Mundan öňki rekord 13 gigabaýtlyk başga bir soragyň jogabyna degişlidi. Bu maglumat gysylyp 68 gigabaýta çenli azaldyldy. Şeýlelikde, ondan hemmäniň peýdalanmagy gazanyldy. Mundan ozalky rekordyň eýesi San-Diego uniwersitetiniň matematigi Ronald Graýam. Ol şeýle sowallara jogap tapmakda kompýuterden peýdalanmagyň diýseň ýaýrandygyny aýdyp, ony çözüp bilene pul baýragy hödürleýär. Soragy Tehas uniwersitetiniň “Stampede” atly superkompýuteri birwagtda işleýän 800 mikroprosessory arkaly çözdi. Şeýle hem kompýuter programmasy subudyň dogrudygyny anyklamak üçin peýdalanyldy.