Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleri, şeýle-de abadançylyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deň hukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly beýik başlangyçlary rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär.
Ýurdumyzda täze innowasion önümçilikleri ösdürmek we senagat önümçiligini pugtalandyrmak, hususan-da nebitgaz senagatynda, elektrik energetikasynda, himiýa we dokma senagatlarynda, agrosenagat toplumynda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, durmuş infrastrukturasynda, hyzmatlar ulgamynda we beýleki pudaklarda täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen zawod-fabrikleri, inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny işe girizmek, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalaryny gurmak, ýaşaýyş infrastrukturasyny has-da giňeltmek we ösdürmek üçin gönükdirilýän düýpli maýa goýumlary göz öňünde tutýan ykdysady syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň netijelerini, uzak möhlete niýetlenen toplumlaýyn işleri, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň wezipelerini kesgitleýän “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de beýleki milli, döwlet, sebitleýin we pudaklar boýunça maksatnamalary görkezmek bolar.
Bu maksatnamalardan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmek we şonuň esasynda halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça ylmy we nazaryýet ideýalarynyň, halkara we sebit bähbitli başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilen sanly ykdysadyýeti ösdürmeklik döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar.
Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de umumy bähbitler bilen birleşen we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň we gazanylýan durmuş-ykdysady netijeleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet kadalaşdyrylyşynyň we döwlet dolandyrylyşynyň ýörelgeleri bardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş taýdan göz öňünde tutulan, dürli eýeçilik görnüşlerine daýanýan, bazar şertlerine tapgyrlaýyn esasda geçmekligi göz öňünde tutýan ösen, kuwwatly, döwrebap ykdysady ulgam kemala gelýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň baş maksady bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar.
Asuda durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Selbi Pirliýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.