Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men spor­ty tä­ze de­re­je­le­re gö­te­ril­di. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iş­jeň ta­rap­da­ry hem-de türk­men tür­gen­le­ri­ne gö­rel­de bol­ýan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men döw­le­ti dün­ýä­niň iri sport ýur­dy hök­mün­de ta­na­lyp, dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­ýar. Mu­ňa soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­lar hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­la­r­da gör­kez­ýän uly üs­tün­lik­le­ri aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat dün­ýä ýü­zün­de iri sport ýur­du­nyň paý­tag­ty hök­mün­de giň­den ta­nal­dy. Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da “Amul – Ha-zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de de­kabr aýyn­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty geçirilip, uly üs­tün­lik­le­re bes­lendi.
Gözel paý­tag­tymyz Aş­ga­batda ýe­ne-de bir dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ry­şy­ ge­çi­ril­er. Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mos­k­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra Sam­bo Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FI­AS) ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ýyg­na­gyn­da 2020-nji ýyl­da er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­nyň Aş­ga­ba­da ber­len­di­gi­ yg­lan edil­di. Türk­me­nis­tan bi­len bir ha­tar­da, bu hal­ka­ra ýa­ry­şy­ny gu­ra­mak­ly­ga Gre­si­ýa hem ýüz tu­tup­dy. Ýö­ne Hal­ka­ra Sam­bo Fe­de­ra­si­ýa­sy bu ab­raý­ly ýa­ry­şy ge­çir­mek hu­ku­gy­ny dün­ýä­niň yk­rar edi­len spor­t ýur­dy bo­lan Türk­me­nis­ta­na ber­di. Hal­ka­ra ýa­ry­ş paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çir­iler. Ýur­du­myz spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek tej­ri­be­si­ne eýe­dir. 2016-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty ge­çi­ri­lip, oňa Azi­ýa­nyň 22 döw­le­tin­den tür­gen­ler­den, žur­nalist­ler­den, tä­lim­çi­ler­den, hü­när­men­ler­den yba­rat bo­lan to­par­lar ge­lip­di. Spor­tuň sam­bo gör­nü­şi äh­li sö­weş sun­gat­la­rynyň ara­syn­da iň meş­hu­ry­dyr. Sam­bo­nyň dür­li gör­nüş­le­ri we tär­le­ri bar­dyr. Dzýu­do, jiu-jit­su we gö­re­şiň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de dö­rän spor­tuň bu gör­nü­şi Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň hem bir­nä­çe sö­weş sun­ga­ty­nyň tär­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär. Sam­bo 1920-nji ýyl­lar­da dö­rän sport gör­nü­şi­dir. Sam­bo bo­ýun­ça il­kin­ji çem­pio­nat 1973-nji ýyl­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär. 1981-nji ýyl­dan baş­lap, her ýyl Dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ri­lip gel­ýär. 1985-nji ýyl­da Hal­ka­ra Sam­bo Fe­de­ra­si­ýa­sy (FI­AS) dö­re­dil­ýär.
2017-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýunla­ry­nyň çäk­le­rin­de-de spor­tuň sam­bo gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Ýur­du­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­ňa türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Go­laý­da Rus­si­ýa­nyň Mosk­wa şä­he­rin­de sam­bo spor­tu­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ryn­dan Har­lam­pi­ýe­wiň ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len Dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri 3 kü­müş we 9 bü­rünç me­da­la eýe bol­du­lar. Il­deş­le­ri­mi­ziň Sam­bo Hal­ka­ra Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FI­AS) 2020-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di ka­bul et­me­gi­niň yzy­sü­re şeý­le ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­la­ry uly buý­sanç­ly wa­ka­dyr.
Ýur­du­myz­da türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le mümkinçilikleri dö­re­dip be­rýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bolsun, türk­men spor­tu­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak ba­bat­da alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri ro­waç al­syn!

Ja­mal Ma­na­ýe­wa,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.