Milli Liderimiziň başda durmagynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň işjeň ösdürilýän pudaklarynyň biridir.
Türkmen topragy ýerasty baýlyklaryň uly goruna eýedir. Bu baýlyklar milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň binýady bolup hyzmat edýär. Sahawatly türkmen topragyndaky gymmatly çig mal serişdeleri himiýa senagatynyň batly depginler bilen ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Himiýa senagaty ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmakda esasy orny eýeleýän senagat pudaklarynyň biridir. Bu pudagyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň Permanyna laýyklykda, her ýylyň 31-nji marty Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawyndan hem-de özleriniň hünär baýramçylygyndan ruhlanan himiýa senagatynyň işgärleri öňküdenem has hyjuwly zähmet çekip, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Soňky ýyllarda pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da ösdürmek maksady bilen, Diýarymyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar gurlup, ulanmaga berildi. Olar dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Himiýa önümlerini öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalary bolan Türkmenabatdaky himiýa zawodynda, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid”, “Hazar” himiýa, “Balkanabat” we “Bereket” ýod zawodlarynda, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda we beýleki kärhanalarda ýokary zähmet netijeleri gazanylýar.
Uly ösüşlere eýe bolýan oba hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli mineral dökünleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak himiýa senagatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Jemi öndürilýän dökünleriň möçberi Türkmenistanda obasenagat toplumynyň azot önümlerine bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurt bazarlaryna hem eksport etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy hem-de bar bolanlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Himiýa senagaty – bu uglewodorod, mineral we beýleki çig maldan himiki usulda gaýtadan işlemek arkaly önüm öndürýän senagat pudagy bolup, ol senagat öwrülişiginiň başlanmagy bilen, aýratyn pudak hökmünde kemala gelip ugraýar. Dünýäde iň bir girdejili pudaklaryň birine öwrülen himiýa senagatynyň önümçilik möçberi ABŞ-nyň 2 trillion dollaryna deňdir. Bu pudaga degişli kükürt kislotasyny öndürýän ilkinji kärhanalar 1736-njy ýylda Beýik Britaniýada, 1766-njy ýylda Fransiýada, 1805-nji ýylda Russiýada we 1810-njy ýylda Germaniýada gurlupdyr. XIX asyryň ortalarynda oba hojalygy pudagynda uly ösüşlere eýe bolunmagy bilen mineral dökünlerini öndürýän önümçilik kärhanalary gurlup başlanypdyr.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda pudagyň önümçilik kuwwatlyklary has-da pugtalandyrylyp, dünýäniň iri himiýa önümçilik kärhanalary bilen bäsleşmäge ukyply önümçilikleriň hataryna goşuldy. Hususan-da, mineral dökünleriň önümçiliginde ýurdumyz esasy eksport ediji döwletleriň hatarynda durýar.
“Türkmen topragynyň ähli baýlygy halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşamagyna hyzmat etmelidir” diýip belleýän hormatly Prezidentimize himiýa senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet hem-de yzygiderli goldaw berýändigi üçin çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Gurbanmyrat Döwletow,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy.