Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de täzeçil pikirlere esaslanýan şähergurluşyk strategiýasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri okgunly ösýän, ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi hem-de bu ugurda nusgalyk häsiýete eýe boldy.
Aşgabat gün-günden ajaýyp keşbe eýe bolýar. Kaşaň myhmanhanalar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň edara binalary, teatrlar, muzeýler, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, seýilgäh zolaklary we şaýollar paýtagtymyzyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýýar. Merkezi Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzda häzirki zaman binagärlik nusgalaryny özünde jemleýän kaşaň ymaratlaryň gurulmagy hem-de iri şäherçeleriň döredilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde guruljak täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Aşgabat şäher häkimligi, ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan taýýarlanýan taslamalara laýyklykda, ýakyn geljekde paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde edara binalarynyň, hyzmatlar ulgamy kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň tutuş toplumyny öz içine alýan täze ägirt uly şäherçe peýda bolar.
Ak mermerli paýtagtymyza täze öwüşgin berjek iri ýaşaýyş toplumy babatda birnäçe teklipler taýýarlandy. Taslamalaryň birinji görnüşinde Aşgabat – Daşoguz ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 gektara deň bolar. Toplumda 15 – 30 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 130-sy ýerleşdiriler. Ikinji teklip boýunça 663 gektar meýdanda köp sanly durmuş maksatly desgalar – 134 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlary ýerleşdiriler, olar 18 müň 568 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany, takmynan, 112 müň adama deň bolar. Üçünji teklipde Aşgabat – Daşoguz awtoulag ýolundan gündogar tarapda amala aşyryljak gurluşyklaryň umumy meýdany 720 gektara barabar bolup, 16 müň 884 maşgala niýetlenen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 177-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Dördünji taslamanyň “A” we “B” görnüşlerine laýyklykda, 520 gektara barabar meýdanda 15 gatdan 35-e çenli gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 102-sini gurmak meýilleşdirilýän bolsa, “Ç” görnüşinde 920 gektar meýdanda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 168-si bina ediler.
Ýokarda agzalyp geçilen taslamalardan görnüşi ýaly, paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär. Ak arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri bolan Aşgabat ýaşamak üçin has amatly şäherleriň biri bolmak bilen, dünýäniň iri megapolisleriniň birine öwrüler. Täze taslamalar bilen Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydygy baradaky derejesini has-da pugtalandyrar. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän şeýle täze medeni-durmuş desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary şäherimiziň görküne görk goşmak bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda möhüm orna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmek boýunça alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Maýsa EMIROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.