Ýapon awtoulag öndürijisi “Toyota” Ýewropada geçirilen barlaglarda howany iň az derejede hapalaýan brend boldy. Kompaniýa 2050-nji ýyla çenli awtoulaglarynyň howa goýberýän kömürturşy gazynyň mukdaryny 90% azaltmagy maksat edinýär. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda hereket edýän kanunçylyga görä, 2021-nji ýyldan başlap, ulaglaryň kömürturşy gazynyň mukdary
95 g/m-den az bolmaly. Bu görkezijiden ýokary awtoulaglaryň satuwy gadagan ediler. “Toyota” bolsa, eýýäm täze ülňä golaýlamagy başardy. 2017-nji ýylda 101,2 g/km bolan kömürturşy gazynyň howa goýberilişi 2018-nji ýylda 99,9 g/km-e çenli azaldyldy. “Toyota”-nyň geçen ýyl gazanan bu üstünliginde Ýewropada satylan ulaglarynyň 60 göteriminiň gibrid hereketlendirijili bolmagynyň täsiri uly. Ýapon brendiniň 2018-nji ýylda Ýewropadaky gibrid ulaglaryň satuwy 21% ýokarlanyp, 435 müň 119 bolupdyr.