Ýer ýüzüniň dürli künjünde dürli täsin tebigy aýratynlyklary görmek bolýar. Şeýle üýtgeşik ýerleriň biri hem Filippinlerdäki Şokolad (Chocolate Hills) depeleridir. Bohol adasyndaky bu depeler dünýäniň başga ýerinde gabat gelmeýär. Ählisi bir meňzeş ululykdaky 1200 depe 50 inedördül meýdany eýeleýär. Depeleriň iň beýigi 120 metre barabar. Bu ýerleriň mundan millionlarça ýyl ozal suw bolandygy belli bolsa-da, olaryň nähili dörändigi entek syrlylygynda galýar. Olaryň wulkan partlaýyşlary ýa-da eroziýa netijesinde dörändigi çaklanylýar. ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna alnan depeleriň üstündäki otlar ýylyň gurak paslynda gurap şokoladyň reňkini alýar. Şol sebäpli olara şeýle at berlipdir. Bu depeleri görmäge her ýyl müňlerçe adam Filippinlere barýar.