“Intel” 2021-nji ýyla çenli sekuntda bir kentillion amal işläp bilýän superkompýuter işläp taýýarlar. “Cray” şereketi bilen bilelikde işlenip düzüljek kompýuteri ABŞ-nyň Energetika ministrligi sargyt edipdir. “Aurora” atly enjam emeli aň bilen işlemäge niýetlenen. Häzirki wagtda superkompýuterleriň güýji petaflop bilen ölçenýär. Bir petaflop skuntda 1 katrillion amal diýmegi aňladýar. Emma ABŞ, Hytaý we Ýaponiýa bu ugurdaky has ýokarky basgançak bolan eksaflop ölçegine geçmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda dünýäniň iň güýçli kompýuteri “Summit” bolup, ol geçen ýylyň iýun aýynda işe girizilipdi. IBM-iň guran kompýuteri 143 petaflop tizlikde işleýär. “Aurora”-nyň tizligi ondan 7 esse köp bolar. 1000 petaflopdan geçýän ulgamlardaky tizlik eksaflop bilen ölçenýär. Häzirki wagtda eksaflop we ondan ýokarky ulgamlary işläp düzmek üçin hem tagalla edilýär.
Çikagodaky Argonne milli laboratoriýasynda guruljak kompýuteriň bahasy 500 million dollar bolar.
Has ýokary tizlikli superkompýuterleri gurmakda Hytaýda we Ýaponiýada hem täze taslamalar durmuşa geçirilýär.