Dünýäniň ähli ýerinde önümçilikde we beýleki pudaklarda awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ösýär. Angliýada awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ýakyn geljekde 1,5 million adamyň işini ýerine ýetirip biljekdigi aýdylýar. Ýurduň milli statistika edarasy (ONS) iş orunlary barada taýýarlan maglumatnamasynda 20 million işgäriň 7,4 göteriminiň işini robotlaryň ýerine ýetirjekdigi aýdylýar.
Maglumatnamada önümçilikde robotlaryň peýdalanylmagy bilen, adamlaryň işsiz galmajakdygy bellenilýär. Yzygiderli gaýtalanmak arkaly ýerine ýetirilýän işlerde robotlar adamlardan has netijeli işleýär. Awtomatlaşdyrmagyň käbir ugurlarda eýýäm işgärlere zerurlygy azaldyp başlandygy aýdylýar. Mysal üçin, söwda merkezlerinde töleg ulgamlarynyň ýola goýulmagynyň netijesinde satyjylara zerurlygyň azalýandygy bellenilýär. Muňa garamazdan, sanly ykdysadyýet we emeli aň ýaly tehnologiýalaryň ösmegi has köp iş orunlaryny döredýär. ONS-yň maglumatlaryna görä, Angliýada geçen ýylyň dekabrynda ýurtdaky işsizlik mukdary 4%, şu ýylyň ýanwarynda 3,9 % bolupdyr.