Günlerde bir gün bir goja agtygy bilen külbesiniň öňünde basalaşýan itlerine syn edip otyrdy. Gojanyň agtygy 11-12 ýaşlaryndady. Ol özüni bileli bäri atasynyň itleriniň urşuna syn edýärdi. Goja iki itine hem oňat ideg edýärdi, olary ýanyndan aýranokdy. Günlerde bir gün oglanjyk külbäni goramak üçin bir itiň ýeterlikdigi barada pikir ýöredýär hem-de atasyndan näme üçin olaryň ak we gara reňkdedigini soraýar. Goja agtyjagynyň bilesigeliji gözlerine mähirli seredip, şeýle jogap berýär:
– Olar meniň üçin haýryň we şeriň alamatlary. Olary synladygymça gowulygyň we erbetligiň hem edil şolar ýaly, mydama gapma-garşylykda bolýandygy hakda pikir edýärin. Şol sebäpli olary hemişe ýanymda saklaýaryn.
Oglanjyk öz ýanyndan bäsdeşlik bar ýerinde ýeňiji hem bolaýmaly diýip pikir edip, atasyna: “Siziň pikiriňizçe bu basdaşlykda olaryň haýsysy ýeňiş gazanar?!” -diýip ýüzlenýär.
– Men olaryň haýsysyna has gowy ideg etsem, şol beýlekisinden üstün çykar – diýip, goja jogap berýär.
Terjime eden Maýa Ýazmyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.