ürkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda her günümiz baý wakalara beslenýär. Okgunly ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzda her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden bellenilýär. Milli senenamanyň şanly seneleriniň sanawyna girizilen bu baýramçylyk ýurdumyzda sagdynlygyň hem-de sportuň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, sag­lyk we sport bir bi­te­wi dü­şün­je­dir. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak adam­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni, ola­ryň zäh­me­te bo­lan uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Sport-sag­ly­gyň sa­ka­sy. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan her bir ada­myň be­de­ni­ berk, ru­hy­ be­lent, ja­ny­ sag bol­ýan­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň gel­jek­ki sport üs­tün­lik­le­ri­ bilen bilelikde adam­la­ryň sag­ly­gy­na we uzak ýa­şa­ma­gy­na, mil­le­ti­mi­ziň bagt­ly gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär.
Şu ýyl hem Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, sport top­lum­la­ryn­da we sta­di­on­lar­da sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär we gör­kez­me çy­kyş­la­ry gu­ral­ýar. Şeý­le hem spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­r ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yh­las­ly ala­da­sy bi­len ýur­du­myz­da spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Oba­dyr şä­her­le­ri­miz­de, mek­dep­ler­de, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da döw­re­bap sport des­ga­la­ry, fut­bol, bas­ket­bol, wo­leý­bol meý­dan­ça­la­ry, ýü­zül­ýän ho­wuz­lar, ten­nis kort­la­ry gu­rul­ýar. “Be­den­ter­bi­ýe ýaş­lyk­dan baş­lap her bir ada­myň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­me­li­dir” di­ýip bel­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk, be­lent yn­san­per­wer­lik ru­hun­da we asyl­ly mil­li ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­mek hä­zir­ki döw­ür­de öňe sü­rül­ýän we­zi­pe­le­riň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň köp­çü­lik­le­ýin spor­ta, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­gi hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan güýç­li ne­sil­le­riň ter­bi­ýe­le­nil­me­gi üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni ugur edin­ýän dur­muş sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport sag­ly­gyň we gu­jur-gaý­ra­tyň çeş­me­si­dir. Ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap şert­ler dö­re­dil­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de-de Türk­me­nis­tan sport ýur­dy hök­mün­de ta­na­lyp baş­la­dy. Ýur­du­myz­da her ýyl halkara sport bäs­le­şik­le­ri gu­ral­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Hal­ka­ra sam­bo fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FI­AS) Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň 2019-njy ýy­lyň 22-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de 2020-nji ýyl­da sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çir­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi hem mu­ňa aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gö­nü­den-gö­ni gat­naş­ma­gyn­da hem-de baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­masy üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Şonuň ne­ti­je­sin­de yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­leri­ni ber­ka­rar et­mek mak­sa­dy bi­len, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­nalar, Türk­me­nis­tan­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­ri peý­da­lan­mak ar­ka­ly der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar işe giri­zil­di.
Umu­man, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýatynyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­reke­ti hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­ratdyr. Hal­ky­my­zyň sag­dyn hem-de berk be­den­li bol­ma­gy ug­run­da ýa­daw­syz ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Arzuw SAPAROWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň uly mu­gal­ly­my.