In­ter­ne­tiň göz­leg saý­ty “Go­og­le”-yň elekt­ron poç­ta hyz­ma­ty “Gmail”-iň dö­re­di­le­ni­ne 15 ýyl bol­dy. “Go­og­le” bu my­na­sy­bet­li poç­ta hyz­ma­ty­na tä­ze­lik­ler gi­riz­di. Ýag­ny ozal bar bo­lan “Smart Com­po­se” (“akyl­ly tekst”) aý­ra­tyn­ly­gy tä­ze­len­di şeý­le hem öňün­den ta­ýyn­la­nan ha­ty aly­ja iber­me­li wag­ty­ny dü­züp bol­ýan aý­ra­tyn­lyk dö­re­dil­di. Ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da hö­dür­le­nen “Smart Com­po­se” hyz­ma­ty hat iber­ýän ada­my­ňyz bi­len nä­hi­li äheň­de ýa­zyş­ýan­dy­gy­ňyz ýat­la­d­ýar. Şeý­le­lik­de, bir­nä­çe sö­zi gaý­ta­dan ýaz­ma­ga ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar we wag­ty­ňy­zy tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu aý­ra­tyn­ly­gy hä­zir­lik­çe “and­ro­id” te­le­fon­la­ryn­da hem peý­da­lan­mak müm­kin. Gel­jek­de onuň “iOS” smart­fon­la­ry­na hem or­naş­dy­ryl­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Beý­le­ki tä­ze­lik bo­lan elekt­ron poç­ta­nyň ibe­ril­me­li wag­ty­nyň saz­lan­ma­gy bol­sa, “iber” (“send”) düw­me­si­niň ýa­nyn­da­ky “peý­kam” şe­kil­ji­gi­ne ba­sy­lan­da, wagt ek­ran­jy­gy peý­da bol­ýar. Şol ýer­den is­len­dik se­ne we sa­gat saý­la­nyp, ha­ty şol se­ne­de iber­il­me­gi­ni ýo­la go­ýup bol­ýar.