1994-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup internet arkaly kitap satuwyny ýola goýan “Amazon” kompaniýasy soňky ýyllarda elektron kitaplary okamak üçin aýratyn enjam öndüripdi. Telefon, planşet, kompýuter ýaly birnäçe elektron enjamlar bar hem bolsa, “Kindle” elektron kitaplary uly islegden peýdalanýar. Golaýda bu enjamyň täze nusgasy peýda boldy. Ululygy 6 dýuým bolan ekranly enjamda garaňkyda hem kitap okap bolýar. Adatça, “Kindle”-ler “elektron syýa” tehnologiýasyndan peýdalanyp, olary diňe adaty kitap ýaly ýagtyda okap bolýar. “Elektron syýa” tehnologiýasynda ekranyň ýagtylyk saçmaýandygy üçin gözüňe agram salmaýar. “Amazon”-yň Ýewropa bölüminiň başlygy Erik Saarnio bu aýratynlygyň müşderileri begendirendigini, täze enjamyň bahasynyň hem arzandygyny aýdýar. Täze “2019 Kindle” 2015-nji ýylda çykarylan “Kindle Paperwhite”-a meňzeş. Onuň gara we ak reňklisi bar. Galyňlygy 8,7 mm, agramy 174 gr bolan enjam 70 funt sterlingden satylar.