“Daimler” kompaniýalar toparyna degişli “Smart” brendiniň modelleriniň satuwyny Hytaýda we global bazarda artdyrmak maksady bilen, täze şertnama gol çekildi. Nemes kompaniýasy Hytaýyň “Zhejiang Geely” holdingi bilen gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, “Smart” awtoulaglarynyň täze modellerini 2022-nji ýyldan başlap Hytaýda öndüriler. Şertnama laýyklykda, “Daimler” önümçilik, inženerçilik we dizaýn babatdaky tejribesini “Geely” kompaniýasyna berer. 2022-nji ýyla çenli “Smart”-yň “ForTwo” modeliniň Fransiýadaky zawodyndaky hem-de “Renault” kompaniýasynyň Sloweniýadaky zawodyndaky önümçiligi dowam etdiriler. “Smart”-yň “ForTwo” we “ForFour” infrastrukturasyndan “Renault” ulaglarynda hem peýdalanylýar. 2022-nji ýyldan başlap, Fransiýadaky zawodda “Mercedes”-iň elektrokarlarynyň önümçiligi ýola goýlar. Geçen ýyl “Mercedes” kompaniýasy elektrokarlaryň önümçiligi üçin gysga wagtda 500 million ýewro özleşdirjekdigini mälim edipdi. “Geely” bilen şertnamanyň çäklerinde bilelikde işlenip düzüljek “Smart” modeller hytaý we dünýä bazarynda satylar. “Daimler”-iň ýolbaşçysy Dýeter Zeçe “Smart” modeliniň iň gowy şäheriçi awtoulagdygyna ünsi çekip, ýokary hilli we ýokary standartdaky täze nesil elektrokarlaryň önümçiligini bilelikde amala aşyrjakdyklaryny bu hyzmatdaşlygyň dünýädäki satuwyny artdyrjakdygyny belledi.
“Geely”-niň ýolbaşçysy Li Şufu bolsa, “Smart” brendiniň täjirçilik gymmatynyň güýçlüdigini aýdyp, müşderileriniň täze elektrokarlara sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny belleýär.
Hytaýyň awtoulag ägirdi “Geely” 2010-njy ýylda şwed “Volvo” kompaniýasyny 1,8 milliard dollara satyn alypdy.