Hytaýyň BYD kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäniň iň uzyn awtobusyny tanyşdyrdy. Uzynlygy 27 metre barabar bolan “BYD K12A” atly ulag 250 ýolagça niýetlenen. Sagatda 70 km/s tizlik bilen hereket edýän awtobus bir gezekki zarýady bilen 300 kilometr ýol geçýär. Elektrokarlaryň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan BYD bu ulagyny Günorta Amerika bazaryna niýetläp çykarypdyr. Ilkinji nobatda, bu ulag Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherine iberiler. Dünýäde jemgyýetçilik gatnawynyň iň kadaly şäherleriniň biri hasaplanýan Bogotada häzirki wagtda uzyn awtobuslar hereket edýär. Şäheriň jemgyýetçilik ulaglary her günde 2,8 million ýolagça hyzmat edýär. Hytaý elektrokarlaryň we elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Häzirki wagtda Hytaýyň iri şäherleriniň köpüsi elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslar bilen üpjün edildi. Şol sebäpli içki bazary doýgunlyga ýetip başlan ýurt kompaniýalary şeýle ulaglaryny daşarky bazarlara ýerlemegiň aladasyny edýärler. Günorta Amerikanyň beýleki ýurtlaryna hem hytaý brendleriniň elektrokarlary we awtobuslary eksport edilýär. Häzire çenli BYD dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň 50 müňden gowragyny eksport etdi. Kompaniýa şeýle ulaglaryň satuwynda (10 metrden uzyn) dünýäde birinji ýerde durýar.