Bi­ler­men­ler sport we maşk et­mek bi­len is­len­dik ýaş­da yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň adam sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Hep­de­de 3-5 ge­zek do­wam­ly 30-45 mi­nut­lap sport bilen meşgullanmagyň örän peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ada­myň ýa­şy­na, sag­lyk ýag­da­ýy­na, ukyp­la­ry­na gö­rä sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak bir­nä­çe ke­se­liň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem maşk et­mek ýa-da fi­zi­ki he­re­ket köp ýurt­da kä­bir ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da goş­ma­ça be­jer­gi hök­mün­de mas­la­hat be­ril­ýär.
Teh­ni­ka­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, ada­myň ra­hat ýa­şa­ma­gy üçin dö­re­di­len en­jam­lar he­re­ket et­mek ze­rur­ly­gy­ny azald­ýar. Hü­när­men­ler is­len­dik ýa­şyň maşk ýa-da sport bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­mak üçin giç däl­di­gi­ne ün­si çek­ýär­ler. Hü­när­men­ler ho­wa­nyň maý­la­ma­gy bi­len ar­tyk­maç ag­ra­myň öňü­ni al­mak üçin sport bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, gys­ga wagt­da hor­lan­ma­gy däl-de, bü­tin öm­rüň do­wa­myn­da sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Spor­tuň sag­lyk üçin iň peý­da­ly se­riş­de­ bo­lup, edil na­har iý­mek, suw iç­mek ýa­ly yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­rme­li­di­gi bel­le­nil­ýär.

Sport ada­myň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­me­li
Fi­zi­ki he­re­ke­tiň ada­myň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rü­len ýag­da­ýyn­da has-da peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, we­lo­si­ped sür­mek hem adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Dün­ýä­niň iň köp we­lo­si­ped sü­rül­ýän ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gol­lan­di­ýa­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da yzy­gi­der­li we­lo­si­ped sür­me­giň öm­rü­ňi uzalt­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Ni­der­land­la­ryň Ult­reht uni­wer­si­te­ti­niň bu ugur­da ge­çi­ren bar­la­gla­ryn­da we­lo­si­pe­diň be­de­niň äh­li ýe­ri­ni he­re­ke­te ge­tir­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­la­rda bu ýurt­da her ada­myň or­ta­ça 75 mi­nut we­lo­si­ped sür­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Ýur­duň ra­ýat­la­ry­nyň or­ta­ça ýa­şy göz öňü­nde tu­tu­lan­da, we­lo­si­pe­diň adam sag­ly­gy­na peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy anyk­lan­dy. Bar­lag­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň, Gol­lan­di­ýa­nyň mer­ke­zi sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na hem-de 50 müň adam bi­len ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­nyň ne­ti­je­si­ne hem sal­gy­la­ny­lyp­dyr. Mag­lu­ma­ty taý­ýar­lan hü­när­men­ler we­lo­si­pe­diň adam sag­ly­gy­na peý­da­sy­nyň il­kin­ji ge­zek san­lar bi­len su­but edi­len­di­gi­ni aý­d­ýar­lar. Dün­ýä­de iň köp we­lo­si­ped sü­rül­ýän ýurt bo­lan Gol­lan­di­ýa­nyň 16 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lup, bu ýurt­da 18 mil­li­on we­lo­si­ped bar.

Aga­ýu­nus My­ra­do­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let
luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.