Bu oýny oýnamak üçin kiçiräk meýdança ýa-da giňräk otag hem ýeterlik. Oýna azyndan alty çaga gatnaşyp bilýär. Çagalaryň biri “gaz”, beýlekileri “ördek” bolmaly. Isleg bildirýän ýok bolsa, ilki kimiň “gaz” boljakdygyny sanawaç arkaly kesgitlemeli. “Gazdan” başga ähli çagalar döwre gurap, çommalyp oturmaly. “Gaz” çagalaryň daşyndan aýlanyp, her çaganyň kellesine “ördek” diýip, kakyp çykýar. Diňe bir çaga “gaz” diýip urýar we gaçyp başlaýar. Beýleki çaga hem kowalap başlaýar. Kowalaýan çaga gaçýanyň diňe yzyndan ylgap bilýär, onuň öň tarapyndan gelip tutmaga haky ýok. Gaçýan çaga tutulmazdan beýleki çaganyň turan ýerine oturmaga synanyşmaly. Oturyp ýetişse, beýleki çaga “gaz” bolýar. Oturmanka tutulsa, ýene “gaz” bolmagyny dowam etdirýär. Ahyrynda belli bir ýeňijisi bolmaýan bu oýny ýadaýançaňyz oýnap bilersiňiz!