Uly leň­ňeç kiçi leňňeje se­re­dip: – Nä­me üçin gap­dal­ly­gy­na ýö­räp gel­ýäň? Aýak­la­ryň ara­sy­ny giň­räk aç­-da, gö­nü­je ýö­re­se­ne – di­ýip igen­ýär. Kiçijik leňňeç san­dyr-san­dyr edip:
– On­da ma­ňa nä­hi­li ýö­re­me­li­di­gi­ni öw­re­däý-dä. Me­ni­ň hem öw­re­ne­sim gel­ýär – di­ýip, za­ryn­la­ýar.
Uly leň­ňeç dog­ry ýö­re­mek üçin bir­nä­çe ge­zek sy­na­nyş­ýar. Em­ma ol hem edil beýleki leňňeç ýa­ly di­ňe ýa­nyn ýö­re­me­li bol­ýar. Onuň dog­ry ýö­re­mek üçin eden sy­na­ny­şyk­la­ry­nyň ba­ry şow­suz ta­mam­lan­ýar. Ol çy­ny bi­len öňe ýö­re­mä­ge her­nä­çe sy­na­ny­şan­ hem bol­sa, bat bi­len gys­gy­jy­nyň üs­tü­ne ýy­kyl­ýar.

Eger-de özü­ňiz gö­rel­de bo­lup bil­me­ýän bol­sa­ňyz, on­da baş­ga­la­ra akyl öw­ret­mäň!