Bir da­şy su­wa ok­la­ny­myz­da çü­müp gid­ýär. Eý­sem, on­lar­ça ton­na ýük gö­ter­ýän gä­mi­ler suw­da nä­dip ýüz­ýär­kä?!

Su­wuň dy­kyz­ly­gyn­dan agyr bo­lan zat­lar bat­ýar, dy­kyz­ly­gy su­wuň­ky­dan ýe­ňil bo­lan zat­lar bol­sa, çüm­me­ýär. Dy­kyz­ly­gy su­wuň­ky bi­len deň bo­lan­lar su­wuň aky­my­na gö­rä onuň ýü­zün­de, için­de ýa-da düý­bün­de he­re­ket ed­ýär. Gä­mi su­wa goý­be­ri­len­de aşa­gyn­da­ky su­wy iki gap­da­la it­ýär, ýag­ny ýe­ri­ni üýt­ged­ýär. Suw bol­sa, gä­mi­ni ýo­ka­ry it­ýär. Su­wuň itiş kuw­wa­ty gä­mi su­wa goý­be­ri­len­de ýe­ri­ni üýt­ge­den su­wuň muk­da­ry­na deň­dir.
Is­len­dik za­dyň su­wuň ýü­zün­de dur­ma­gy üçin onuň göw­rü­mi­niň umu­my dy­kyz­ly­gy­nyň su­wuň­ky­dan az bol­ma­gy ýe­ter­lik­dir. Şol se­bäp­li gä­mi­ler gur­lan­da onuň göwrüminiň ortaça dy­kyz­ly­gy­nyň su­wuň­ky­dan az bol­ma­gy­na üns be­ril­ýär. Gä­mi­le­riň iç­ki bö­lek­le­rin­de köp muk­dar­da boş­luk­lar bar. Bu boş­luk­lar ho­wa bi­len dol­ýar. Ho­wa­nyň dy­kyz­ly­gy no­la ýa­kyn­ ýagny, hiç hili agramy ýok. Mu­ňa has go­wy dü­şün­mek üçin özü­ňiz hem ki­çi­räk tej­ri­be ge­çi­rip bi­ler­si­ňiz. To­py ýa-da şa­ry su­wa taş­la­ny­ňyz­da, ol çüm­me­ýär. Eger-de ýa­ryk ýa-da ýe­li goý­be­ri­len to­py su­wa ok­la­sa­ňyz ol çü­mer. Çüý­şe­ler hem şeý­le. Ga­pa­gy ýa­pyk içi boş çüý­şe suw­da bat­ma­ýar, içi­ni suw­dan dol­du­ryp, su­wa taş­la­sa­ňyz, çü­müp gi­der. Gä­mi­ler­de hem edil top­da­ky ýa­ly için­de ho­wa bo­lan boş ýer­ler köp. Ýag­ny gä­mi­le­riň göw­rü­mi­ne ga­ra­nyň­da, ag­ra­my örän az. Gä­mi­le­re hem haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len suw gir­se ýa-da bol­ma­ly­syn­dan ar­tyk ýük ýük­len­se, onuň bat­ma­gy müm­kin. Şol se­bäp­li gä­mi­le­riň su­wa çü­müp du­ran ýe­ri bel­li bir de­re­je­den geç­me­li däl. Gä­mi­le­riň suw­dan ýo­kar­da dur­ma­ly ýe­ri ýö­ri­te bel­lik ýa-da ta­pa­wut­ly reň­ke reňk­len­mek ar­ka­ly gör­ke­zil­ýär. Gä­mi­le­re ýük­le­nen ýük art­dy­gy­ça onuň dy­kyz­ly­gy hem art­ýar. Şo­nuň üçin her bir suw ula­gy­nyň ýük gö­te­ri­ji­li­gi gör­ke­zil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, gä­mi­le­riň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň sak­lan­ma­gy­ny hem göz öňün­de tut­ma­ly bol­ýar. Güýç­li gom tu­ran­da suw ulag­la­ry­nyň ýy­kyl­maz­ly­gy üçin ola­ryň aşa­gyn­da de­ňag­ram­ly­ly­gy saz­la­ýan gur­şun­dan ýa­sa­lan agyr­lyk bol­ýar.