Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun…” diýmek bilen, jan saglygyň ähli zatdan ileridigini ündeýär. Dana şahyrymyzyň ündäp geçişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, döwletimiz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.
Sag­ly­gy sak­la­mak­da, sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek­de spor­tuň, be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Şo­nuň üçi­nem “Sag­ly­gym – baý­ly­gym” ýö­rel­ge­sin­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dür­li öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da ila­ty be­den­ter­bi­ýä we köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek, ag­zy­bir jem­gy­ýe­ti­mi­ze sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş ne­sli spor­ty söý­mek hem-de ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, sport­da us­sat­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ola­ry hö­wes­len­dir­mek, hal­ka­ra de­re­je­sin­de us­sat tür­gen­le­ri ýe­tiş­dir­mek, mil­li spor­tu­my­zy dün­ýä­de ýo­ka­ry de­re­jä gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len hem köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­mak di­ňe bir on­lar­ça müň ada­myň en­di­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ol hal­kyň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy sag­dyn we ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­den yba­rat­dyr. Bu sy­ýa­sa­tyň üs­tün­li­gi hem-de aý­dyň ne­ti­je­le­ri ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe–sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni eme­le ge­tir­di.
Ýur­du­myz­da her ýyl 7-nji ap­rel­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni ulu­dan bel­len­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da her bir ada­myň spor­tuň saý­lap alan gör­nü­şi bo­ýun­ça meş­gul­lan­ma­gy hem-de is­leg­le­ri­niň ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Bu bol­sa, her bir ada­myň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň sport-sa­gal­dyş des­ga­la­ry­nyň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri hem Sag­lyk ýo­lu­dyr. Paý­tag­ty­myz­yň iň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de gur­lan bu tä­sin py­ýa­da ýo­da­sy müň­ler­çe türk­me­nis­tan­ly­la­ra ony ýö­räp ge­çip, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge we ola­ryň te­bi­gat bi­len ýa­kyn­laş­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da spor­tuň ti­gir sür­mek gör­nü­şi­ni ös­dür­mek­li­ge uly üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da spor­tuň bu gör­nü­şi ilat ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ar­ka­ly ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, bu pu­dak­da hal­ka edil­ýän hyz­mat­la­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek ug­run­da ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ila­ta be­ril­ýän luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gu­ra­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de goý­ýan we­zi­pe­le­ri­niň öze­ni­ni düz­ýär. Sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­me­giň in­no­wa­si­on usul­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­da ýur­du­myz­da ägirt uly iş­ler ge­çi­ril­ýär. Di­ňe bir paý­tag­ty­myz­da däl, eý­sem, äh­li we­la­ýat­lar­da, et­rap­lar­da, hat­-da oba­lar­da hem döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len sag­lyk mer­kez­le­ri, Sag­lyk öý­le­ri açy­lyp, ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de asyl­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Luk­man­la­ry­myz da­şa­ry ýurt­lar­da iş sa­par­la­ryn­da bol­ýar­lar, ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt­lar­dan luk­man­lar ge­lip türk­men kär­deş­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­ýar­lar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­na de­giş­li hal­ka­ra mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa şu hep­dä­niň do­wa­myn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy (BSGG) bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Ýew­ro­pa mi­nistr­ler mas­la­ha­ty hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Bu mas­la­ha­tyň esa­sy­ny dü­zen zy­ýan­ly en­dik­le­re, hu­su­san-da, çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­re­şi güýç­len­dir­mek ba­bat­da öňe sür­len baş­lan­gyç­lar uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ugur­da ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz tu­tuş dün­ýä­de tem­mä­ki­niň tüs­se­sin­den azat bol­mak ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy gör­ke­zi­ji­le­re eýe bo­lan ýurt­dur. Hal­ky­my­zyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek bo­ýun­ça uly ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, äh­li baş­lan­gyç­la­ry ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ogul­na­bat SA­RY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.