Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň köp sanly pudagynyň düzümleri halkara derejesindäki sergi-ýarmarkalara, maslahatlara yzygiderli gatnaşýar. Şol bir wagtda biziň döwletimizde hem köp sanly iri forumlar hem-de sergidir maslahatlar geçirilýär. Şu hepdäniň ahyrynda, ýagny 13-14-nji aprelde paýtagtymyzda “Söwda we hyzmat – 2019” atly sergi-ýarmarkasy hem-de halkara maslahaty geçirilýär. Sergi söwda pudagynyň dürli ösüş ýollaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzda bu pudagyň ösüşi häzirki zaman talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Onda häzirki zaman tehnologiýalary bilen bir hatarda, söwda etmegiň hem-de müşderilere ýokary hilli hyzmat etmegiň täze usullary ornaşdyrylýar. Şeýle hem bu sergi ýurdumyzda içerki bazaryň haryt bolçulygyny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda öndürilýän azyk we senagat önümleri indi diňe bir içerki bazarda satylman, eýsem, daşarky bazarlara hem iberilýär we bu ugurda uly tagalla edilýär.
Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda sergileriň guralmagy babatda tagalla edýär. Şeýle çäreler pudaklaryň ýeten derejesini äşgär etmek bilen bir hatarda, ulgamlara daşary ýurt maýalaryny çekmekde, özara tejribe alyşmakda we ylmyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini açyp görkezýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça senagat pudagyny, obasenagat toplumyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksport kuwwatlyklaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberleri ýokarlandy we olaryň görnüşleri giňeldildi. Et, un, çörek-bulka, unaş, süýji-köke, gök we bakja önümçiliginde, şeýle hem sement, pagta süýümini öndürmekde oňyn ösüşler gazanylýar.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik iýmiti, myhmanhana işewürligi, durmuş we işewürlik hyzmatlaryny hödürlemek ugurlarynda hem uly ösüşler gazanylýar. Bu ulgamlarda döwrebap tehnologiýalar, hyzmatyň mümkin bolan görnüşleri giňden ornaşdyrylýar.
Ilatymyzyň sarp edýän harytlarynyň çykarylýan möçberleriniň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde, hyzmatlar ulgamyny we söwdany ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Täze söwda merkezleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Olar ilatymyza hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar. Diýarymyza gelýän myhmanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Harytlaryň köp görnüşli hem-de ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa bolmagy hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň netijeleriniň biridir. Halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.