Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­mek, ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň möç­ber­le­ri­ni has-da art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­işi­ne aý­ra­tyn çe­me­le­şil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, her ýyl oba zäh­met­keş­le­ri pag­ta­nyň hem-de bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­ýar­lar. In­di bol­sa, bu ugur­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ge­ri­mi has-da gi­ňe­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da şa­ly­nyň ýo­ka­ry ha­sy­ly­ny ön­dür­mek ba­bat­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da şa­ly ön­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Da­şo­guz hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň kä­bir et­rap­la­ryn­da şa­ly­nyň ýo­ka­ry ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek üçin yg­ty­ýar­lyk­lar be­ril­di. Şu ýyl ýur­du­myz bo­ýun­ça je­mi 18 müň 300 gek­tar meý­dan­da şa­ly eki­lip, 82 müň 400 ton­na ha­syl al­mak mak­sat edi­nil­ýär. Ýur­du­my­zyň ba­ba­daý­han­la­ry “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da ene top­ra­ga yh­las ba­ry­ny siň­di­rip, pag­ta­nyň, bug­da­ýyň hem-de şa­ly­nyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ila­ty türk­men top­ra­gyn­da ön­ýän eko­lo­gi­ki taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün et­mek ba­bat­da öň­de go­ýan il-ýurt bäh­bit­li we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­ýän ba­ba­daý­han­la­ry­myz öň­de­ba­ry­jy oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan peý­da­la­nyp, tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ynam­ly ga­dam ur­ýar­lar. Top­rak-ho­wa şert­le­ri has la­ýyk gel­ýän se­bit­ler­de–Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly, Ma­ry we Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da gant şu­gun­dy­ry ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Umu­man, ýur­du­myz bo­ýun­ça ýe­ral­ma­­ny we beý­le­ki mi­we önüm­le­ri­ni, şeý­le hem bak­ja ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek üçin ýer­ler bö­lü­nip be­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler azyk bol­çu­ly­gy­nyň eme­le gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Oba­se­na­gat top­lu­my­na iri ma­ýa se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär, mu­nuň özi ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni se­na­gat taý­dan ok­gun­ly ös­dür­mä­ge, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge we tu­tuş­ly­gy­na döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy aba­dan­çy­ly­gy­na, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam eder. Hä­zir­ki tap­gyr­da oba ho­ja­lyk ugur­ly ul­gam­la­ry, ýag­ny dä­ne­çi­lik, pag­ta­çy­lyk, gök-mi­we­çi­lik, mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, şeý­le hem oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň, gaý­ta­dan iş­le­ýiş we hyz­mat ediş dü­züm­le­riň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga üns be­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi bol­sa, mil­li Li­de­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Nur­ýag­dy AÝ­DOG­DY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.