Şwed akademiýasynyň arhiw materiallaryndan belli bolşuna görä, meşhur sowet ýazyjysy Konstantin Paustowskiý 3 gezek Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna dalaşgär hökmünde bellige alnan eken. Mälim bolşy ýaly, akademiýanyň Nobel baýragyna hödürlenen dalaşgärler baradaky maglumatlar 50 ýyl gizlin saklanyp, soňra mälim edilýär.
Maglumatlara görä, meşhur ýazyjynyň ady 1965-nji, 1967-nji we 1968-nji ýyllardaky esasy dalaşgärleriň sanawynda görkezilýär. Akademiýanyň şol döwürdäki baýrak bermek boýunça komitetiniň wekili Anders Esterlingiň aýtmagyna görä, “1968-nji ýylyň 14-nji iýulynda Konstantin Paustowskiniň aradan çykmagy zerarly iň oňat teklip sanawdan öçürildi. Bu gynandyryjy ýagdaý, çünki oňa ýakyn geljekde oňat mümkinçilik döräpdi”.