Formula 1 boýunça Dünýä çempionatynyň 7-nji tapgyry Kanadanyň Monreal şäherindäki Žill Willnýowyň adyny göterýän 4 müň 361 metrlik uzynlygy bolan trassada geçirildi.
Ýaryşyň ilkinji aýlawynda 3-nji hatardan bat alan “ferrarili” Sebastian Wettel 1–2-nji ýerdäki “Mersedes” pilotlaryndan ozup, iň öňe geçdi. Niko Rosberg topardaşy Lewis Hamilton bilen kakyşyp, trassanyň daşyna çykdy we 10-njy ýere çenli yza galdy. 2-nji gezek “pit-stop” eden Wettel 37-nji aýlawda ornuny Lewis Hamiltona aldyrdy. Wettele galan aýlawlarda-da Hamiltondan öňe geçmek başartmady. Netijede, 1-nji hatardan başlan Hamilton 70 aýlawy 1 sagat 31 minut 05,296 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy. Bassyr 2-nji ýola münberiň çür depesine çykan Hamilton karýerasyndaky 45-nji birinjiligine mynasyp boldy. Hamiltondan 5 sekunt yza galan Sebastian Wettel 2-nji ýeri eýeledi. “Williams” toparynyň fin sürüjisi Waltteri Bottas üçünjilik münberine çykdy. Ol Hamiltondan 46,4 sekuntlyk az netije görkezdi. “Red Bulluň” gollandiýaly ýaş sürüjisi Maks Werstappen 4-nji, “Mersedesden” Niko Rosberg 5-nji, “Ferrariniň” fin piloty Kimi Raikkonen 6-njy basgançagy eýeledi. Ýaryşdan soň Lewis Hamilton golaýda aradan çykan Muhammad Aliniň “Kebelek deýin uçaryn, ary ýaly çakaryn” diýen sözlerini gaýtalap, bu ýeňşini oňa bagyş edendigini aýtdy.
Geçirilen bu ýaryşdan soň, möwsümiň ilkinji 4 bäsleşiginde ýeňiji bolan Niko Rosberg utugyny 116-a ýetirip, sanawyň 1-nji hatarynda barýar. Bu ýeňişden soň, aratapawudy 9 utuga çenli azaldan Lewis Hamilton 2-nji, 78 utukly Sebastian Wettel 3-nji ýeri eýeleýär. Möwsümiň 8-nji ýaryşy 19-njy iýunda ilkinji gezek Azerbaýjan döwletiniň paýtagty Baku şäherinde geçiriler.