Hy­ta­ýyň smart­fon önüm­çi­li­gi bi­len ta­nal­ýan “Xiao­mi” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­ron en­jam­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni we öý ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny hem ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa go­laý­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “HI­MO C20” we­lo­si­pedini ta­nyş­dyr­dy. We­lo­si­ped­le­ri we sa­mo­kat­la­ry ön­dür­mek­de hem öň­de­li­gi eýe­le­ýän hy­taý bren­di­niň tä­ze ula­gy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 80 km ýol geç­ýär. “HI­MO C20” mun­dan ozal ta­nyş­dy­ry­lan “HI­MO V1” mo­de­li­niň has kä­mil gör­nü­şi bo­lup, onuň ba­ta­re­ýa­sy­ 6 sa­gat­da dol­ýar. 440 dol­lar­dan sa­tyl­jak we­lo­si­ped­de 250W mo­tor otur­dy­lyp­dyr. Sa­gat­da 25 km tiz­lik bi­len he­re­ket edip bil­ýän ula­gyň ag­ra­my 21 kg. Onuň ba­ha­sy özi bi­len de­ňe­çer aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan beý­le­ki welosipedlere ga­ra­nyň­da has ar­zan. Ula­gyň öň ta­ra­pyn­da otur­dy­lan ek­ran­dan ba­ta­re­ýa­da­ky zar­ýa­dyň ýag­da­ýy­, tiz­li­gi­, nä­çe km ýol ge­çi­len­di­gi ýa­ly mag­lu­mat­la­ry gör­mek bol­ýar. Ula­gy aň­sat­lyk bi­len ýyg­nap we gurnap bol­ýar.