Gollandiýaly Wýebe Wakker elektrokar bilen 3 ýylda jemi 95 müň km ýol geçip, täze rekord goýdy. Ol elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary has hem ýaýbaňlandyrmak üçin alnyp barylýan kampaniýanyň çäklerinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin 2016-njy ýylyň 15-nji martynda Amsterdamdan ýola düşüpdir. Wakker “VW Golf” ulagynyň modifikasiýa edilen görnüşi bilen başlan syýahatyny Awstraliýanyň Sidneý şäherinde tamamlady. Syýahatynyň dowamynda 33 ýurduň çäginden geçen Wakkere “Adobe” we “Canon” ýaly belli kompaniýalar hemaýatkärlik etdi. Wakker bu ulagy bilen Ýewropanyň dürli ýurtlaryny aýlanandan soňra Türkiýe, Eýran, Hindistan, Mýanma, Malaýziýa we Indoneziýa ýaly döwletlerden geçip, Awstraliýa bardy. Eger bu aralyk benzin bilen işleýän “VW Golf” bilen geçilen bolsa, 6 müň 783 litr ýangyç sarp edilerdi. Bu görkeziji nebitiň häzirki bahasy bilen hasaplananda, 8236 dollar bolardy. Emma “VW Golf” bary-ýogy 300 dollarlyk elektrik energiýasyny sarp edipdir. Wakkeriň aýtmagyna görä, bir adam dünýäniň ol ujundan beýleki ujuna elektroulag bilen gidip bilen bolsa, onda bu ulaglary gündelik durmuşda ulanmak üçin hiç hili päsgelçilik ýok.
Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagy üçin Wakkerden başga-da alada edýän az däl. Soňky üç ýylda ýangyjyň has arassa görnüşi bilen işleýän ulaglaryň kämilleşdirilmegi üçin uly öňegidişlikler gazanyldy. 2016-njy ýylda “Tesla Model X” ýaly has gymmat ýa-da bir gezekki zarýady bilen geçip bilýän aralygy kanagatlanarly bolmadyk beýleki modeller bardy. Wakkeriň “Golf”-y bir zarýady bilen 200 km ýol geçýär. Häzirki wagtda bolsa, elektrokarlaryň has köp görnüşi bolup, olaryň 500 km-den uzaga gidýänleri ýa-da bahasy 1000 dollar bolanlary hem bar. Elbetde, bu ugurda hususy şereketleriň edýän tagallalary bilen bir hatarda, hökümetleriň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalara berýän goldawynyň hem täsiri uly.