Şu ýylyň fewralynda “Ryugu” asteroidine gonan “Hayabusa 2” atly kosmos gämisi golaýda ol ýerde emeli çukur açmak üçin partlaýjy taşlady. Şeýlelikde, asman jisimindäki pytran daşlary almak has aňsat bolar. 2014-nji ýylda uçurylan “Hayabusa 2” gonan wagty ol ýerden topragyň nusgasyny alypdy. Ýaponiýanyň kosmos barlaglary agentligi bu gäminiň indiki etmeli işiniň 2500 metrden taşlanan partlaýjynyň pytradan daş böleklerini almakdan ybaratdygyny mälim etdi. Partlaýjy taşlanandan 40 minutdan soňra ýarylar ýaly edip sazlandy. Onuň netijesini bilmek üçin iki hepde garaşmaly bolar. 2 kilogram agramyndaky partlaýjynyň 10 metrlik çukur açmagyna garaşylýar. Eger garaşylan netije alynsa, “Hayabusa 2” asman jisimine gaýtadan gonup, ol ýerdäki daş böleklerini alar. Ol indiki ýyl Ýere gaýdyp geler.