Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­di­ne ýük äkit­mek üçin uçu­ry­lan “So­ýuz” ra­ke­ta­sy­nyň “Prog­ress MS-11” kos­mos gä­mi­si bar­ma­ly men­zi­li­ne re­kord de­re­je­de gys­ga wagt­da ýet­di. Rus­si­ýa­nyň “Ros­kos­mos” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lan uçuş­da ýük­le­riň kos­mos be­ke­di­ne bar­ma­gy üçin ba­ry-ýo­gy 3 sa­gat 21 mi­nut ýe­ter­lik bol­dy. Bu ozal­ky re­kord­dan 19 mi­nut az­dyr. Adat­ça, is­len­dik as­man ji­si­mi­ne ýa-da kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki be­ke­de ibe­ri­len en­jam Ýe­riň da­şyn­dan bir­nä­çe ge­zek aý­lan­ýar. Uçu­ry­lan en­jam her ge­zek­ki aý­la­wy­nyň çä­gi­ni has gi­ňel­dip, Ýer­den uzak­laş­ýar. Ýag­ny Ýe­riň dar­tyş güý­jün­iň tä­si­rin­den ýu­waş-ýu­waş­ daş­laş­ma­ly bol­ýar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly uçu­ry­lan gä­mi pla­ne­ta­nyň da­şyn­dan iki ge­zek aý­la­nan­dan soň­ra be­ke­de ba­ryp ýet­di.