Çep eline görä sag elini has köp ulanýan ada­ma sag­la­kaý di­ýil­ýär. Kö­pi­miz adat­ça sag eli­mi­zi ulan­ýa­rys. Işi çep eli bi­len et­mä­ge en­dik eden adam­a bol­sa, çep­be­keý di­ýil­ýär. Haý­sy eli­mi­zi has köp ulan­jak­dy­gy­myz ça­ga­lyk­dan bel­li bol­ýar. Bü­tin dün­ýä­de ada­m­la­ryň or­ta­ça 90 gö­te­ri­mi sag­la­kaý, 10 gö­te­ri­mi çep­be­keý bo­lup, öran az adam iş ede­nin­de iki eli­ni hem täsirli ula­nyp bil­ýär.
Adam beý­ni­si iki meň­zeş bö­lek­den yba­rat bo­lup, sag ta­ra­py be­de­niň çep bö­le­gi­ni, çep ta­ra­py be­de­niň sag bö­le­gi­ni do­lan­dyr­ýar. Şeý­le-de ada­myň ukyp-ba­şar­ny­gy beý­ni­si­niň haý­sy ta­ra­py­ny ulan­ýan­dy­gy­na bag­ly­dyr. My­sal üçin, dil öw­ren­mek­de beý­ni­niň çep ta­ra­py­nyň tä­si­ri uly bo­lup, bu adam­lar köp­lenç sag­la­kaý bol­ýar. Em­ma çep­be­keý­le­riň dil öw­ren­mek uky­by sag­la­kaý­la­ryň­ky ýa­ly bol­ma­ýar. Ga­dy­my dö­wür­ler­de çep­be­keý bol­mak ada­ty zat ha­sap­lan­man­soň, ola­ryň sag eli­ni ulan­mak­la­ry ta­lap edi­lip­dir. XIX asyr­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da çep­be­keý bol­ma­gyň hem ada­ty zat­dy­gy anyk­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­ler iki eli bi­len iş­läp bil­ýän­le­riň beý­ni­si­niň iki ta­ra­py­ny hem ula­nyp bil­ýän­di­gi se­bäp­li, olaryň beý­ni­sin­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky pi­kir or­ta atyl­ýar. Em­ma bu pi­kir­le­riň nä­dog­ru­dy­gy soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da su­but edil­ýär. Çep­be­keý­le­riň we sag­la­kaý­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len tej­ri­be­de akyl ba­bat­da ta­pa­wu­dyň ýok­du­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da iki eli­ni bir­wagt­da ula­nyp bil­ýän adam­la­ryň hem ukyp-ba­şar­nyk ba­bat­da beý­le­ki­ler­den ta­pa­wu­tly däldigi anyk­lan­dy. Sport, aý­dym-saz we sun­gat ýa­ly aý­ra­tyn ze­hinliligi ta­lap ed­ýän ugur­lar­da çep­be­keý­ler we iki eli­ni bir­wagt­da ula­nyp bil­ýän­ler az däl. Ital­ýan su­rat­ke­şi Leo­nar­do da Win­çi iki eli­ni bir­wagt­da ula­nan bol­sa, işe­wür  Bill Geýts, fut­bol­çy Ma­ra­do­na, kos­mo­nawt Nil Armst­rong, ki­noak­týor Çar­li Çap­lin ýa­ly meş­hur adam­lar bel­li çep­be­keý­ler ha­sap­lan­ýar.

Gur­ban­bi­bi Su­han­ber­di­ýe­wa,
Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Gy­zyl­suw şä­her­çe­si­niň
7-nji orta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.