Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) şu ýyl­ky 6-njy ýa­ry­şy Ita­li­ýa­nyň Sar­di­ni­ýa ada­syn­da ge­çi­ri­lip, on­da “Hýun­dai” to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sürüjisi Ti­er­ri Noý­will ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 19 tap­gyr­dan yba­rat 324,6 ki­lo­metr ara­ly­gy 3 sa­gat 35 mi­nut 25,8 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­dä­ki 1-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Şun­luk­da, Noý­will Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň şu möw­sü­min­de ýe­ňi­ji bo­lan 5-nji pi­lot bol­dy. “Wolks­wa­gen” to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Ýa­ri Mat­ti Lat­wa­la 2-nji, soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny we şu ýyl baş­da­ky 2 bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­za­nan Se­bas­ti­an Ožie 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 7 bäs­le­şik­den soň, Ožie li­der­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Soň­ky 4 ýa­ryş­da 1-nji ýe­ri alyp bil­me­dik Ožie hä­zi­re çen­li 132 utuk top­la­dy. Da­ni Sor­do (68) 2-nji, And­re­as Mik­kel­sen (67) 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Möw­sü­miň no­bat­da­ky ýa­ry­şy 1–3-nji iýul ara­ly­gyn­da Pol­şa­da ge­çi­ri­ler.