Ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze döw­re­bap ho­wa men­zi­li­niň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu tas­la­ma Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki şä­he­rin­de ama­la aşy­ry­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň gün­do­gar se­bi­tin­de tä­ze ae­ro­por­ty gur­mak Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy “Gün­dog­dy” hu­su­sy kär­ha­na­sy­na tab­şy­ryl­dy. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gy­na de­giş­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da tej­ri­be­si bar­. Olar Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na hem gi­ren hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ni gurupdyrlar.
Sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat et­jek döw­re­bap ho­wa men­zi­li 200 gek­tar meý­da­ny eýe­lär. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ýo­lag­çy­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat et­mek mak­sa­dy bi­len ze­rur bo­lan des­ga­lar top­lu­my gur­lar.
Tä­ze ae­ro­port awia­si­ýa ul­ga­my­na de­giş­li en­jam­la­ry ön­dür­ýän dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lar. Ho­wa men­zi­li­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gyn­da türk­men hal­ky­nyň mil­li bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ry­lar. Ker­ki­niň ho­wa men­zi­li kö­mek­çi des­ga­la­ryň hem bir­nä­çe­si bi­len üp­jün edi­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýo­lag­çy­la­ryň ýe­ňil aw­tou­lag­la­ry üçin du­ral­ga, aw­to­bus du­ral­ga­sy, men­zi­liň aw­tou­lag­la­ry üçin am­mar, teh­ni­ki bö­lüm, ýan­gyç guý­ýan bö­lüm, ýy­la­dyş-so­wa­dyş ul­gam­la­ry, suw des­ga­sy, şol san­da içim­lik we beý­le­ki ha­jat­lar üçin ula­nyl­jak suw gor­la­ry, kuw­wat­ly elekt­rik paý­laý­jy des­ga­lar, meý­da­nyň umu­my go­rag sim­le­ri hem-de ho­wa men­zi­li­niň iş­gär­le­ri üçin ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň du­ral­ga­sy bolar. Ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň tä­ze des­ga­sy­ny 2021-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ker­ki şä­he­rin­de gu­rul­jak ho­wa men­zi­li ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy üçin hem äh­mi­ýet­li­dir. Se­bä­bi ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­dä­ki Köý­ten­da­gyň daş-tö­we­re­gi sy­ýa­hat­çy­lyk ge­ze­lenç­le­ri üçin örän amat­ly ýer­ler­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Köý­ten­dag di­no­zawr­la­ryň aýak yzy bi­len hem dün­ýä­de meş­hur­dyr. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de dynç al­mak hem-de da­gyň tä­sin go­wak­la­ry­ny syn­la­mak üçin hem müm­kin­çi­lik­ler bar. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem, Ker­ki­niň ho­wa men­zi­li örän wa­jyp des­ga­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mun­dan ozal, bu ýe­re bar­mak­çy bo­la­ny­ňyz­da, il­ki bi­len Türk­me­na­ba­da git­me­li, soň­ra ol ýer­den ulag bi­len Köý­ten­da­ga git­me­li bol­ýar­dy. In­di, Aş­ga­bat­dan gö­ni Ker­kä uçup, şol ýer­de­nem gys­ga wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk me­kan­la­ry­na ba­ryp bo­lar. Bu ra­ýat­la­ry­my­zyň wag­ty­ny ep-es­li de­re­je­de tyg­şyt­la­ma­gy­na şert dö­re­der.
Ulag lo­gis­ti­ka ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi üçin uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Azim Tu­gu­row,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.