Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da döw­re­bap oba­la­ryň hem-de şä­her­çe­le­riň gur­lu­şy­gy­na giň­den ba­dal­ga be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de döw­re­bap şä­her­dir şä­her­çe­le­ri hem-de oba­la­ry gur­mak döw­le­ti­mi­ziň tä­ze dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Go­laý­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň, ýag­ny tä­ze nus­ga­da­ky şä­he­riň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty ha­sap­lan­ýan Le­bap we­la­ýa­tyn­da bir­ba­da 4 et­rap­da döw­re­bap şä­her­çe­le­riň gu­rul­ma­gy, şol bir­ wagt­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len gi­ňişleýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da tä­ze, döw­re­bap oba­ny gur­mak ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly tä­ze üs­tün­lik­ler bi­len baş­la­dy. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy” ka­bul edi­lip, ol hem iş ýü­zün­de dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lyp baş­lan­dy. Tä­ze Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň se­na­gat taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­me­gi­ne tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­ret­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş ja­ýy­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar. Şo­nuň çäk­le­rin­de eý­ýäm ägirt uly döw­re­bap şä­her­dir şä­her­çe­le­riň hem-de oba­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di.
Ha­zar de­ň­zi­niň goj­a­man ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Bal­kan we­la­ýa­tyn­da-da tä­ze döw­re­bap oba­nyň gu­rul­ma­gy ba­bat­da de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kil­me­gi hal­ky­my­zyň gu­wan­jy­ny go­şa­lan­dyr­dy. Tä­ze oba­ny 2 tap­gyr­da – 1-nji tap­gy­ry­ny 2019-2022-nji ýyl­lar­da, 2-nji tap­gy­ry­ny 2022-2025-nji ýyl­lar­da gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, şeý­le iri tas­la­ma­la­ry di­ňe yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly hem-de bin­ýa­dy berk ýurt­la­r ama­la aşy­ryp bi­ler. Bi­ziň ýur­du­myz yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let­le­riň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni­niň dur­nuk­ly hem-de saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe bol­ma­gy hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­ ta­ra­pyn­dan hem yzy­gi­der­li tas­syk­lan­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň to­pa­ry ýur­du­myz­da sa­par­da bol­dy. Hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni 6,3 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lar. Mu­nuň özi Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti bo­ýun­ça goň­şy döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da iň ýo­ka­ry, dün­ýä de­re­je­sin­de-de ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem şeý­le gurp­ly hem-de bin­ýa­dy berk döw­let­de iri hem-de döw­re­bap tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da gu­rul­ýan ka­şaň des­ga­lar, me­de­ni mak­sat­ly bi­na­lar, döw­re­bap ýol­lar, açyl­ýan tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny go­şa­lan­dyr­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen ýö­rel­ge­si­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­le­ri­dir. Eziz Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler­de hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi hem-de bag­ty­ýar­ly­gy il­kin­ji no­bat­da go­ýul­ýar. Türk­men hal­ky­ny şeý­le eş­ret­li ýurt­da ýa­şad­ýan hem-de äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag bol­sun, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ga­ra Ýa­zy­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Je­ma­gat ho­ja­ly­gy
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.