Koreýa Respublikasynda mobil telefon müşderileri dünýäde ilkinji bolup aragatnaşygyň 5-nji neslinden peýdalanyp başladylar. Ýurtda iş alyp barýan “SK Telecom”, KT we “LG Uplus” aragatnaşyk kompaniýalary birwagtda bu hyzmaty ýola goýandyklaryny mälim etdiler. Meşhur aýdymçylar we belli türgenler täze hyzmatyň ilkinji müşderileri boldular. 5G hyzmatlarynyň arasyna 8 adamyň gatnaşmagynda wideojaň etmek, gologramma, sport duşuşyklaryna IMAX filmlerinden 3 esse durulygynda göni ýaýlymda tomaşa etmek we “K-Pop” ýyldyzlary bilen gepleşikler bar.
Şeýlelikde, ýurt bu babatda ABŞ-dan, Hytaýdan we Ýaponiýadan öňe geçdi. 5G bilen hödürlenýän aragatnaşyk hyzmatynyň tizligi 4G-den 20 esse ýokary bolýar. Mysal üçin, bir filmi kompýutere ýa-da mobil enjama ýükläp almak üçin 1 sekunt ýeterlik. “Samsung” kompaniýasy bolsa, “Galaxy S10 5G” telefonlarynyň satuwyny ýola goýdy.
Koreýanyň yzýany ABŞ-nyň “Verizon” kompaniýasy Çikagoda we Minneapolisde 5G hyzmatyny ýola goýandygyny mälim etdi.
5G-niň diňe aragatnaşyk hyzmatlarynda däl-de, eýsem, hyýaly hakykat, sürüjisiz ulag tehnologiýasy, media, ylym-bilim ýaly beýleki birnäçe ugurlarda peýdalanylmagyna garaşylýar.
Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän Mobil aragatnaşyk üçin global ulgamlar atly edaranyň taýýarlan barlaglaryna görä, 5G tehnologiýasy 2034-nji ýyla çenli dünýä derejesinde 565 milliard dollarlyk ykdysadyýeti emele getirer. Bu ugurda öňdebaryjylaryň biri bolan Hytaýda 5G ulgamlaryna degişli 3400 patent bolup, olaryň 1529 sanysy 5G infrastrukturasyny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan “Huawei” kompaniýasyna degişli. Bu ugurda Koreýa 2051, ABŞ-a 1368 patent degişli.