Sürüjisiz ulaglaryň ýaýbaňlanmagy bilen bu ulaglaryň howpsuzlygy üçin ýollara kameralar we beýleki gerekli enjamlar oturdylýar. Hytaýda bolsa, şeýle ulaglar üçin aýratyn ýol gurulýar. Pekin bilen Sýonan şäherleriniň arasynda gurulmagyna garaşylýan awtoýoluň 2020-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Sürüjisiz ulaglaryň bu ýoldaky ýokary tizligi 120 km/s bolar. Indiki ýyla çenli Hytaýda hereket edýän awtoulaglaryň ýarysynda özbaşdak hereket ediş funksiýasynyň bolmagyna garaşylýar. Şeýle ýollaryň sürüjisiz ulaglara bolan islegi artdyrjakdygy aýdylýar. Aýratyn ýollardan başga-da, bar bolan ýollaryň belli zolaklarynyň sürüjisiz ulaglara niýetlenmegi göz öňüne tutulýar.