Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän “Iň go­wy bug­daý” bäs­le­şi­gin­de ýe­ne-de şol bir daý­han ýe­ňi­ji bo­lup­dyr. Daý­han­dan beý­le go­wy ha­syl al­ma­gyň sy­ry­ny so­rap­dyr­lar. Daý­han:
– Mu­nuň sy­ry özüm­dä­ki go­wy bug­daý to­hu­my­ny goň­şu­la­rym bi­len paý­laş­mak­da – diý­ip­dir. Mu­ňa haý­ran ga­lan adam­lar:
– Öz bug­daý to­hu­my­ňy­zy her ýa­ryş­da si­ziň bäs­de­şi­ňiz bol­jak goň­şu­la­ry­ňy­za ber­ýä­ňiz­mi? – di­ýip so­rap­dy­rlar. Daý­han:
– El­bet­de – di­ýip jo­gap be­rip­dir. Bu söz­le­ri diň­läp du­ran mä­hel­lä­niň bi­le­si­ge­li­ji­li­gi has hem art­yp­dyr. Olar daý­ha­nyň ýü­zü­ne so­rag­ly na­zar­la­ry­ny di­kip­dir­ler. Daý­han:
– Si­ziň bil­me­ýän bir za­dy­ňyz bar. Bug­daý maý­sa­la­ry şe­ma­la yg­şyl­daş­yp, bir-bir­le­ri bilen toz­an­lan­ýar­lar. Şe­mal goň­şy atyz­da­ky bug­daý­la­ryň toz­ga­la­ry­ny me­niň ekin meý­da­ny­ma alyp gel­ýär. Ekin­den go­wy ha­syl al­mak üçin ola­ryň go­wy ekin bi­len toz­an­lan­ma­gy ge­rek. Goň­şy­myň eki­ni ýa­ra­maz bol­sa, men hem go­wy ha­syl alyp bil­me­rin. Şol se­bäp­li goň­şu­la­ry­myň go­wy ha­syl al­ma­gy­na men hem kö­mek ed­ýä­rin – di­ýip­dir.

Ýag­şy­nyň ýag­şa ýe­ter hüm­me­ti,
ýa­ma­nyň ýag­şa ýe­ter min­ne­ti.