Tebigatda demir magdanynyň köp bolmagy, onuň bahasynyň arzan bolmagyna we giňden ulanylmagyna sebäp bolýar. Emma demriň we poladyň poslamagy ondan ýasalan zadyň sandan galmagyna getirýär. Poslamak demriň howadaky kislorod bilen birleşmesi netijesinde ýüze çykýar. Islendik demir poslap başlandan soňra, eger ol reňklenen bolsa, reňkiň aşagyndan geçip başga ýerine ýaýrap bilýär. Diňe demir we polat däl, beýleki metallar hem poslaýar. Mysal üçin, alýuminiý, mis, bürünç. Emma bu metallaryň kislorod bilen birleşmesi netijesinde emele gelen ýukajyk gatlak materialyň howa bilen aralygyny ýapýar we bu ýuka gatlak posuň ýaýramagynyň öňüni alýar. Ol şeýle bir ýuka bolýar welin metalyň reňki hem üýtgemeýär. Howadaky çyg hem metalyň poslamagyna täsir edýär. Himiki täsirleşmede suwuň mukdary posuň reňkiniň nähili boljakdygyny kesgitleýär. Posuň reňki gara, goňur ýa-da sarymtyl hem bolup bilýär. Duz hem poslamagyň tizligini artdyrýar. Gyşyna gary eretmek üçin dökülýän duz ýollaryň töweregindäki zatlaryň çalt poslamagyna getirýär. Poslamaýan polat tapylmazdan ozal, metallar reňklenýärdi ýa-da galwanizirlenýärdi. Ilkinji poslamaýan polady Gerri Brirli 1913-nji ýylda tötänleýin diýen ýaly tapýar. Ol dürli metallary birleşdirmek arkaly tejribe geçirýän mahaly käbirleriniň poslamandygyny aňýar. Brirli demir bilen uglerodyň birleşmesi netijesinde onuň poslamajakdygyny öwrenýär. Beýleki açyşlarda bolşy ýaly, Brirli üçin senagat pudagynda iş alyp barýan adamlary metalyň täze görnüşiniň poslamajakdygyna ynandyrmak aňsat bolmaýar.
Hrom ýaly käbir metallar atomlarynyň ölçegleriniň bir-birine ýakyn bolandygy üçin kislorod bilen gysga wagtda we aňsatlyk bilen birleşýärler. Şondan başga himiki täsirleşme bolmaýar we ol gatlaga zeper ýetse-de gaýtadan emele gelýär. Hrom belli bir mukdarda polada goşulanda, onuň häsiýeti hem şeýle bolýar we ol poslamaýar. Poslamaýan poladyň düzüminde 10-30% aralygynda hrom bolýar. Ulanyş maksadyna görä, oňa nikel, titan, alýuminiý, mis, fosfor we beýleki elementler hem goşulýar.