Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň milli mirasyna, behişdi bedewlerine bolan beýik söýgüsi, çuňňur hormat-sylagy atçylyk pudagynyň ösmegine ýol açdy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda atçylyk pudagynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we ýerlerdäki atçylyk sport toplumlary bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Behişdi bedewler Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy nyşany bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary netijesinde, öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary halkymyza peşgeş berdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atşynaslaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň kitaplarynyň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, dünýäniň giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz öz döredijiliginde dünýäde uly şöhrata eýe bolan we türkmen halkynyň gaýtalanmajak gymmatlygy döretmek ukybyny äşgär eden ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň röwşen ylhamynyň önümi bolan “Bedew” atly goşgusyndaky:
Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!
– diýen çuň manyly setirlerinde mähriban Arkadagymyzyň milli buýsanjymyz bolan bedew atlarymyza goýýan gadyr-gymmatynyň juda çäksizdigi aýdyň duýulýar. Her bir gazanylýan ösüşleriň bedew badyna deňelýän zamanamyzyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyny Gahryman Arkadagymyzyň “Rowaç” atly ajaýyp şygry bilen açmagynyň hem çuňňur pelsepewi manysy bardyr.
Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän ähli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezýärler. Kärine ussat atşynaslar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlara mynasyp bolýarlar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary eziz Diýarymyzda we dünýä döwletlerinde göreni haýrana goýýan çykyşlary bilen türkmen halkynyň atly jigitleriniň ussatlygyny, ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýýar.
Ahalteke bedewleriniň tohumyny aýawly saklamak we olaryň şan-şöhratyny has-da artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň hyzmatlary çäksizdir. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti ahalteke bedewlerine berilýän ünsi güýçlendirmek, atly sporty ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň gadymy şöhratyny täzeden dikeltmek üçin eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlaryny gurduryp berdi. Atçylyk sport toplumlarynda tohum atlar köpeldilýär, idedilýär, at çapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Dürli okuwlar, sport türgenleşik çäreleri geçirilýär. Ahalteke bedewlerini köpeltmek, idetmek, nesil arassalygyny mundan beýläk-de berk saklamak maksady bilen gurlup, ulanmaga berlen atşynaslar obasy bolan Aba Annaýew obasy göreni haýrana goýýar. Bularyň ählisi geljekde ýaş nesliň atçylyk sportunyň inçe syrlary bilen içgin gyzyklanmaklarynda, bu ugurda dürli başarnyklary we endikleri ele almaklarynda çäksiz mümkinçilikleri açýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde, şan-şöhraty barha belende göterilýän türkmen bedewleriniň çawy dünýä dolýar. Bu bolsa halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň milli mirasy bolan ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny dikeltmek ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işi rowaç bolsun!
Aşyrdurdy Allaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.