Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Dünýäniň çar künjeginden ahalteke bedewleriniň muşdaklary çagyrylyp, ýurdumyzda bedewiň hormatyna uludan toý tutulýar. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän hem-de aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly ýagdaýda bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde dürli medeni çäreler guralýar.
Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar, däp bolan at çapyşyklary guralýar. Iň owadan ahalteke bedewini saýlamak ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlenýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna oňyn goşandyny goşýar. Bu assosiasiýa döredilen pursatyndan bäri dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar bu düzümiň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 32 döwletinden edara görnüşli we şahsy taraplaryň 137-si assosiasiýanyň agzasy bolup durýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar, bu bolsa alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär.
Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler. Bu işler hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary bilen häzirki döwürde mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda 600 baş ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň hem-de onuň çäginde atşynaslarymyz üçin ähli şertler göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, Halkara ahalteke we Aşgabat atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalaryna politrek düşegi düşelip döwrebaplaşdyrylmagy, atçylyk sportunyň konkur görnüşini has-da ösdürmek hem-de ussat türgenleri, şol sanda at üstündäki milli oýunlar boýunça türgenleri taýýarlamak maksady bilen, açyk manežli okuw merkeziniň açylmagy, türkmen bedewleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak üçin daşary döwletlerden gelýän bedewleriň kesellerden arassadygyny kesgitlemek we olary karantin barlagyndan geçirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkeziniň açylmagy ýurdumyzda milli atçylyk pudagynyň yzygiderli ýagdaýda ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz ahalteke tohumyny aýawly saklamak, artdyrmak we dünýä ýaýmak, atçylyk sungatynyň däplerini döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. At çapyşyklary çapyksuwarlar üçin hem synag mekdebidir. Ahalteke bedewleri uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen, uzak ýola çydamlylygyny görkezip, dünýä atçylygynyň taryhynda şöhrat gazandylar. Olaryň gazanan üstünlikleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmady. Ahalteke bedewleri ajaýyp netijelerini diňe at çapyşyklarynda däl-de, atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde, şol sanda konkur görnüşinde hem görkezýärler.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde gurlan Aşgabat Olimpiýa stadionynda bina edilen bedew atyň heýkeliniň atyň iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, bu sport şäherçäniň esasy bezeg alamaty hökmünde bedew atyň keşbiniň saýlanyp alynmagy ahalteke bedewleriniň türkmeniň durmuşynda hut şu günler hem uly orun tutýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: “Biziň milli buýsanjymyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr” diýip belleýşi ýaly, wepadarlygy, ýyndamlygy, zer çaýylan deýin kümüş bedeni bilen milli buýsanjymyza, ýakyn syrdaşymyza öwrülen bedewlerimiz uçar ganatymyz, ösüşlerimiziň badyna öwrüldi.
Ady äleme dolan türkmen bedewleriniň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Begenç BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.