Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny, ta­ry­hy­ny, sun­ga­ty­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň naý­ba­şy­sy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne has-da aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Her ýyl ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ýur­du­my­zyň tä­ze ösüş eý­ýa­my­nyň şam­çy­ra­gy­na öw­rül­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len at­çy­lyk pu­da­gyn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­di, bu pu­dak­da yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da iň­ňän uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. At ça­py­şyk­lar­yn­da aý­law­la­ry bag­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz türk­men hal­ky­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li gym­mat­ly­gy­dyr. Ýyn­dam­ly­gy, gö­zel­li­gi bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­zi wasp ed­ýän goş­gu­dyr aý­dym-saz­lar hal­ky­my­zyň gö­wün ga­na­ty­ny go­şa­lan­dyr­ýar.
Türk­me­niň uçar ga­na­ty – ahal­te­ke be­dew­le­ri özü­niň göz­ba­şy­ny örän ga­dym­dan alyp gaýd­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hä­zir­ki dö­wür­de be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty dün­ýä ýaý­ra­dy. Hal­ky­my­zyň be­dew aty­na bo­lan söý­gü­si çäk­siz­dir. Ahal­te­ke be­dew­le­ri has ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri deň­siz-taý­syz gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy hem-de çy­dam­ly­ly­gy bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýar.
Gö­zel­li­gi we sy­rat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, eýe­si­niň is­le­gi­ni gö­zün­den aň­ýan be­dew­ler ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” ýa­ly ki­tap­la­ry di­ňe bir türk­men oky­jy­la­ry­nyň däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­niň oky­jy­la­ry­nyň hem söý­gü­si­ne eýe bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz ahal­te­ke be­dew­le­ri ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de ýyl ýaz­gy­la­ry­ny dü­zü­ji­le­riň hem-de şa­hyr­la­ryň we çe­per dö­re­di­ji­li­ge yk­ba­ly­ny bag­lan adam­la­ryň, şo­nuň ýa­ly-da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň han­la­ry­nyň, şa­la­ry­nyň, im­pe­ra­tor­la­ry­nyň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir di­ýip bel­le­mek bi­len, türk­men hal­ky­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gym­mat­ly­gy dö­ret­mek uky­by­ny äş­gär eden ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Be­dew atyň dur­mu­şy­my­za, me­de­ni­ýe­ti­mi­ze or­na­şyp git­me­gi hem bi­ziň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­my­zyň bi­ri hök­mün­de gö­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ro­waç” at­ly goş­gu­syn­da­ky:
Pe­der­leň tag­zym-to­ga­by,
Geç­mi­şiň er­tä do­wa­my,
Kiş­ňeý­şiň – ar­şyň owa­zy,
Kal­by­myň se­na­sy, Ro­waç!
di­ýen se­tir­le­rin­den hem gör­nü­şi ýa­ly, ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­miz kal­by­my­zyň se­na­sy­na öw­rül­di. Mil­li mi­ra­sy­myz we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz ba­ra­da ag­za­lan­da, türk­me­niň buý­san­jy bo­lan ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­miz ba­ra­da söz aç­mak has-da ýa­kym­ly­dyr. Çün­ki, ahal­te­ke at­la­ry ga­dy­my Oguz nes­li­niň kö­ňül dos­ty we syr­da­şy­dyr. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak işin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hyz­ma­ty örän ulu­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, mil­li at­çy­lyk pu­da­gy tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kyp, ýur­du­myz­da onuň dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, spor­tuň at­çy­lyk gör­nüş­le­ri­ni hem-de at mün­me­giň mil­li däp­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da dün­ýä­niň iri mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär, bi­ziň be­dew­le­ri­miz we ça­pyk­su­war­la­ry­myz bol­sa, dür­li ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän iri bäs­le­şik­le­riň, ab­raý­ly at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ry­nyň hem-de at ça­py­şyk­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­ýar­lar. Olar sirk sun­ga­tyn­da hem öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň sirk sun­ga­ty­nyň dür­li hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ryn­da ga­zan­ýan ýe­ňiş­le­ri mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li buý­san­jy­my­za öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de mil­li at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ymam­gu­ly RE­JE­POW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.