19-28-nji aprel aralygynda Nýu-Ýorkda halkara awtoulag sergisi geçirilýär. 119-njy gezek guralýan halkara sergide nusgalyk ulaglar bilen bir hatarda, gysga wagtda satuwa çykaryljak ulaglar hem görkezildi. Manhetten etrabyndaky “Jacob Javits Convention Center” sergi merkezinde geçirilen çärede elektrik energiýasy bilen işleýän SUV görnüşli ulaglar has köp boldy. Geçen ýyl amerikan bazarynyň iň meşhur ulagy bolan “Toyota RAV 4” bilen bir hatarda, “Subaru”, “Volkswagen”, “Acura”, “Cadillac” we “Lincoln” ýaly kompaniýalaryň ulaglary görkezildi. Şeýle hem serginiň çäklerinde ýylyň iň gowy ulaglary saýlandy. Ýylyň iň gowy awtoulagy bilen bir hatarda, dizaýn, daşky gurşaw, lýuks, şäher we netijelilik ugurlaryndan hem baýraklar gowşuryldy. Elektrik energiýasy bilen işleýän “Jaguar I-Pace” SUV modeli üç ugurdan baýraga mynasyp boldy. Bu model “Jaguar” kompaniýasynyň ilkinji elektrokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu ulag baş baýrakdan başga-da, daşky gurşaw we dizaýn baýraklaryna hem mynasyp görüldi. Ýylyň iň lýuks ulagy hökmünde “Audi A7” modeli saýlandy. Sergide “McLaren 720S” iňlis sportkary iň kuwwatly ulag saýlandy. Kiçi göwrümli we ýangyjy tygşytlaýan ulaglary öndürmegi bilen tapawutlanýan ýapon brendi “Suzuki”-niň “Jimny” modeli iň gowy şäher ulagy saýlandy.