Ýakynda Malaýziýanyň Kedah şäherinde “MIYIO – 2019” halkara ýaş oýlap tapyjylar (Malaysian International Young Inventors Olympiad) taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Türkmenistan, ABŞ, Malaýziýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Yrak, Indoneziýa, Nigeriýa, Tailand, Filippinler ýaly döwletlerden gelen jemi 600-e golaý okuwçy ýedi ugurda bäsleşdiler. Halkara taslama bäsleşiginde türkmenistanly ýokary synp okuwçylarynyň ukyp-başarnyklary, bilim derejeleri eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Zehinli ýaşlarymyz 6 altyn, 6 kümüş, 14 bürünç – jemi 26 medal gazanyp, ýeňiş bilen dolanyp geldiler.
Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we iňlis diline ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji orta mekdebiň, Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň we Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde, Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynda, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebinde, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde, Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde bilim alýan ýaşlar kümüş medallar gazanyp, özlerine bildirilen ynamy ödediler.
Bürünç medala Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň, Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we iňlis diline ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň, Türkmenabat şäherindäki 1-nji welaýat mekdebiniň hem-de ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň, Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara taslama we ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, yzygiderli ýokary netije gazanmaklary, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Bu üstünlikler hormatly Prezidentimiziň döwrebap bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir.