1690-njy ýylyň ýazynda bellenen doglan güni juda üýtgeşik bolupdyr. Iogann Sebastýan Bah soň-soňlar hem ony öz durmuşynyň iň bagtly pursatlarynyň biri hökmünde ýatlapdyr. Şol gün Iogannyň bäş ýaşy dolan eken. Irden hemmeler ony gutlapdyrlar, köp sowgat beripdirler. Onuň üç gyz we dört erkek dogany bolupdyr. Ýöne näme üçindir kakasy oňa sowgat bermäge howlukman, diňe syrly ýylgyrmak bilen oňupdyr.
Agşam onuň doglan güni mynasybetli maşgala konserti guralýar. Ol gaty üýtgeşik konsert bolupdyr. Çünki şol gije diňe onuň ene-atasy däl-de, eýsem, ýedi dogany hem skripka, klawesin, wiolençel, gitara we fleýta ýaly dürli saz gurallaryny çalypdyrlar. Ýöne onuň sazanda bolan babasy we mamasy şol gije saz çalmak üçin toýa çagyrylandygy sebäpli gelip bilmändirler. Soňunda ejesiniň sazandarlygynda gyz doganlary uly erkek dogany Rudolfyň düzen romansyny aýdypdyrlar.
Konsert gutarandan soň kakasy kiçiräk gapyrjak getiripdir-de: – Oglum, Iogann, ine bu saňa! Ýöne ykjam we tämiz sakla! Eliňden gaçyraýma! – diýipdir. Oglanjyk gapyrjagy stoluň üstünde goýup, onuň gapagyny açanda, şatlykdan ýaňa birden gygyranyny bilmän galypdyr. Bu onuň hut arzuw edip ýüreginde besleýän zady – kiçijik skripka eken.
Kakasy oňa skripka çalmagy öwredipdir. Skripkajyk birbada kakasy çalandaky ýaly has ýakymly owazlary çykarmasa-da, ony çalmak Ioganna diýseň ýarapdyr. Ol skripkasyna edil janly zat ýaly çemeleşip, hatda ýatanda hem ony gapdalynda goýmak isläpdir.
Bäş ýaşly Iogann bu kiçijik skripkada özüniň ilkinji sazlaryny düzüpdir. Ol başda öz töwereginde eşidýän guşlaryň jürküldisi, horazlaryň gygyryşy, ýeliň sesi, hatda gapynyň jygyldysy ýaly sesleri öz skripkasynda gaýtalamaga jan edipdir. Soňra özüniň ilkinji sazlaryny düzmäge başlapdyr.
Ol birbada diňe kellesinde peýda bolýan sazlary gaýtalaýandyryn öýdüpdir. Şeýle ýagdaý has ýygy-ýygydan gaýtalanyp ugrapdyr. Kiçijik Bah beýnisinde ýaňlanýan sazlary ilki skripkasynda, soňra klawesinde çalyp ugrapdyr. Emma onuň ene-atasy geljekki beýik kompozitoryň ilkinji sazlaryny ýazyp goýmagy unudypdyrlar.
Taýýarlan Gülzada Çaryýewa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy.