Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsanperwerlik syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz daşary syýasat ýörelgesiniň ynsanperwer ugruna has uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz bu wajyp ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ulgamyny döretmäge hem-de özünde bilelikdäki hereketleriň dünýä, sebit we milli derejelerini birleşdirýän möhüm başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri tebigy betbagtçylyklary öňünden duýdurmak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek maksady bilen, Merkezi Aziýada degişli sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.
Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde heläkçilik çeken dürli ýurtlaryň halklaryna yzygiderli kömek berýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Gaitä, Hytaýa, Türkiýä, Ýaponiýa, Pakistana, Nepala tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken halklara ynsanperwer kömekleri ugradyldy.
Şeýle hem ýurdumyz türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan belent ynsanperwer gymmatlyklara ygrarly bolmak bilen, goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine iş ýüzünde goldaw berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdelerine Owganystanda, hususan-da, saglyk öýi we mekdep guruldy.
Golaýda-da, goňşy ýurduň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça bina edilen çaga dogrulýan öýüň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, goňşy ýurda saglygy goraýşa degişli täze desgany degişli önümler, dermanlar we beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, muzdsuz ynsanperwerlik ýükleri bolan awtoulag kerweni goňşy ýurda ugradyldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu lukmançylyk edarasynyň işini degişli derejede ýola goýmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatyna ýerli lukmanlary we degişli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, lukmanlardan we şepagat uýalardan ybarat bolan topar iberildi.
Ine, ýaňy-ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Mohammed Asef Rahimiden hormatly Prezidentimiziň adyna hat gelip gowuşdy. Goňşy ýurduň resmi wekili öz hatynda ynsanperwer kömegi üçin milli Liderimize öz hoşallygyny bildirip, şeýle ynsanperwer kömekleriň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky asyrlar aşyp gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, owgan halkyna ynsanperwer kömek hökmünde Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda saglyk öýi guruldy we bu edaranyň işlemegi üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri iberildi. Şeýle hem Balh welaýatynyň Şordepe etrabynyň Hazara-Tokaý obasynda 400 orunlyk mekdep guruldy.
Şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden belent ynsanperwer maksatlaryna, hoşniýetli goňşuçylyk we özara kömek bermek ýörelgelerine hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan heläkçilik çeken beýleki halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýar.