Ha­ryt­la­ry sar­gyt edi­len ýerine elt­mek­de dron­lar­dan peý­da­lan­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ki­çi göw­rüm­li bu ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak­da Ame­ri­ka we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýän hem bol­sa, Af­ri­ka­da hem uly öňe­gidiş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. “Zip­li­ne” at­ly şe­re­ket Ru­an­da­da bu ugur­da uly üs­tün­lik ga­zan­dy. Bu kom­pa­ni­ýa golaýda Ga­na­da hem şeý­le hyz­ma­ty ýo­la goý­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň gün­do­ga­ryn­da­ky bir has­sa­ha­na­nyň luk­man­la­ry­na ge­rek­li der­man­la­ry­ny we beý­le­ki luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny dron­lar ge­ti­rip ber­ýär. Ýur­duň dür­li ýer­le­rin­de dron­lar üçin ýö­ri­te “ho­wa men­zil­le­ri” gu­rul­dy. Bu dron­la­ryň hyz­mat ed­ýän çä­gi­niň gi­ňel­dil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Ul­gam do­lu­ly­gy­na işe gi­ri­zi­len­de, dron­lar ar­ka­ly hyz­mat edil­ýän dün­ýä­niň iň uly gi­ňiş­li­gi eme­le ge­ler. “Zip­li­ne” şe­re­ke­ti her gün­de 600 sar­gy­dy de­giş­li ýe­ri­ne elt­me­gi mak­sat edin­ýär. Ha­ryt­la­ryň dron bi­len el­til­me­gi üçin iň köp ta­gal­la ed­ýän “Ama­zon” bo­lup, hä­zi­re çen­li kompaniýa bu ugur­da di­ňe sy­nag iş­le­ri­ni ge­çir­di.
“Zip­li­ne” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, 2016-njy ýyl­da Ru­an­da­da dron­lar ar­ka­ly yzy­gi­der­li hyz­ma­ty ýo­la goý­dy. Hä­zi­re çen­li kom­pa­ni­ýa­nyň uç­ýan en­jam­la­ry je­mi 1 mil­li­on km ýol ge­çip­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň is­len­dik no­ka­dy­na dron ar­ka­ly ha­ryt el­ti­lip bi­lin­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Kel­ler Ri­nau­do Ga­na­da inf­rast­ruk­tu­ra we sag­ly­gy go­ra­ýyş teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na örän uly ma­ýa go­ýu­myň go­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Şe­re­ket öz işi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýär. Mun­dan soň­ra bu hyz­ma­tyň ABŞ-da we beý­le­ki ýurt­lar­da hem ýo­la go­ýul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.