Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merdana halkymyz tarapyndan biragyzdan ýurt Baştutanlygyna saýlanan günlerinden başlap Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, raýatlarymyzyň gurmak, döretmek, özgertmek başarnygyny geljekki uly ösüşlere gönükdirmegi ussatlyk bilen başardy. Ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan işler maýa goýumlary, olary amala aşyrjak kompaniýalary, işewür toparlary anyk kesgitlenen, ýyllar boýunça takyk işlenilip düzülen Maksatnamalar arkaly alnyp baryldy.
Şeýlelikde, ata Watanymyz uly gurluşyklaryň meýdançasyna öwrüldi. Işewürlerimize dünýäniň abraýly kompaniýalary, maliýe guramalary bilen sazlaşykly işlemäge giň mümkinçilikleriň döredilmegi, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilip, telekeçilige giň ýol açylmagy, Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Eýran, Gündogar-Günbatar gaz geçirijileriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň işläp başlamagy, ençeme önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi Berkarar döwletimizi sanlyja ýyllaryň içinde ösüşleriň, özgertmeleriň anyk ýoluna düşürdi. Daýhanlara ekin ýerleriniň bölünip berilmegi, olar üçin ençeme ýeňillikleriň döredilmegi, borçnamadan artyk öndüren önümlerini biržada, bazarlarda satmaga rugsat berilmegi, täze ekin ýerleriniň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň oba hojalygynyň her ýyl durnukly ösmegini üpjün etdi. Ýurdumyzda ençeme dokma toplumlarynyň gurulmagy, olarda türkmen topragynda ýetişdirilen pagtadan ekologik taýdan iň arassa, halkara bazarlarynda geçginli harytlaryň öndürilmegi ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň ýyl-ýyldan artmagyna getirdi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ençeme myhmanhanalaryň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň, owadan seýilgähleriň döredilmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny-da girdejili pudaga öwürdi. Köýtendagda, Hazaryň kenarynda ençeme täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilik desgalarynyň ulanylmaga berilmegi bilen olardan alynýan durnukly girdejiler Berkarar döwletimizi ykdysadyýetini derejesi boýunça dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşdy.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň 23-inde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň açylmagy bilen türkmen uglewodorod serişdelerini Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ugratmak ýaly täze ugurlary açmaga, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga şert döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň sanlyja ýyllaryň içinde Berkarar döwletimizi yzygiderli, durnukly ösüşleriň ak ýoluna düşürendigi baradaky söhbetimizde getirilýän käbir sanlar ýakymly saz ýaly täsir galdyrýar: diňe geçen ýylyň dowamynda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan önümçilik we medeni-durmuş iri desgalarynyň 375-si gurlup ulanylmaga berildi.
Gurlup, ulanylmaga berlen iri desgalaryň hatarynda “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini, kuwwaty 504,4 megawat bolan Derweze döwlet elektrik bekedini, Balkan welaýatyndaky bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän “Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binasyny, Aşgabat şäherindäki Mejlisler merkezini, Türkmenbaşy şäherindäki Kongresler merkezini, Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasyny, ençeme edara binalarynyň toplumyny, Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerinde açylan myhmanhanalary görkezmek bolar. Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan dynç alyş merkezleri, köp sanly durmuş maksatly desgalaram bar.
Uly üstünliklere beslenen geçen ýylda ýurdumyzyň obadyr etraplarynyň keşbini düýpgöter özgertmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatlarymyzda hassahanalaryň 2-siniň, saglyk öýleriniň 16-synyň, orta mekdepleriň 15-siniň, medeniýet öýleriniň 9-synyň, çagalar bagynyň 14-siniň, iri sport desgalaryň 3-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 4-siniň, awtomobil ýollarynyň 293 kilometriniň gurlandygyny, suw, gaz, lagym we elektrik geçirijileriniň 3968 kilometriniň, telefon ulgamynyň 2340 kilometriniň çekilendigini aýtsak, merdana halkymyzyň Berkarar döwletimiziň uly ösüşlere eýe bolmagy üçin çekýän döredijilikli zähmetiniň belent derejelerdedigi aýan bolýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralar bilen belleniljek 2016-njy ýylda gurluşyk maksatnamasynyň giň gerimlidigini aýratyn nygtamak bilen, ýylyň dowamynda 387 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermegiň, şeýle hem 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Görşümiz ýaly, önümçilik-tehniki maksatly pudaklar maýa goýumlaryny goýmakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.
Milli Liderimiz oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada-da yzygiderli alada edip gelýär. Her ýyl çagalar baglarynyň, şypahanalaryň, mekdepleriň, medeniýet, saglyk öýleriniň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Obalarymyzyň iň çetkilerine çenli ählisinde, gaz, elektrik, suw bilen doly üpjün edilendir. Gurluşykçylarymyza oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça iş alyp barmak üçin 5 milliard manada golaý serişde goýberildi.
Berkarar döwletimiz ekologiýany goramak, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça zerur işleri amala aşyrmaga-da köp möçberde maýa goýum serişdelerini goýberýär. Şunuň ýaly çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi edermen daýhanlarymyzyň zähmetini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, olaryň pagtadan, galladan ýylyň-ýylyna bol hasyl almaklaryna ýardam edýär. Şu uly baýramçylyk ýylynda edermen daýhanlarymyzyň 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmekligi meýilleşdirendikleri hem şu uly aladanyň netijesidir.
Milli Liderimiz türkmen obalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, täze obalary gurmak barada-da uly alada edýär. Golaýda Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynda 144 gektar meýdany eýeleýän, ýokary amatlyklary bolan, 500 maşgala niýetlenen nusgawy obanyň dabaraly açylmagy merdana halkymyzda milli Liderimize, bagtyýar döwrümize bolan egsilmez buýsanjy goşalandyrdy. 274 sany 1 gatly, 4 otagly, kottež görnüşli 226 sany 2 gatly 6 otagly jaýlaryň gapdalynda 0,16 gektar mellek ýeri hem bar.
Şeýle täze obalaryň öň birnäçesiniň gurlandygy ýurdumyzyň ençeme etraplarynda gurulýandygy, ýene-de sanlyja ýyldan obalylarymyzyňam ýaşaýyş-durmuş derejesiniň şäherlerimiziňkiden pes bolmajakdygyna güwä geçýär.
Häzirki döwürde V Aziýa oýunlarynyň geçjek ýeri bolan gözel paýtagtymyzda alnyp barylýan abatlaýyş-bejeriş, rejeleýiş işleri gözel paýtagtymyzyň eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli has gözel görnüşe girjekdigine şaýatlyk edýär.
Ýokarda getirilen çäreleriň, goýberilen serişdeleriň sanawy hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz hem yzygiderli aladalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň ykdysady binýadynyň berkden tutulandygyna, onuň durnukly ösüşlere eýe bolmak mümkinçiliginiň uludygyna anyk şaýatlyk edýändir.
Biziň ylym-bilimde, sportda, edebiýatda, sungatda, medeniýetde… gazanan, gazanýan üstünliklerimizem bu gün hemmelere mälimdir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň işini täzeden dikeltmek bilen bir hatarda onuň ylmy-barlag mümkinçiliklerini hem artdyrdy. Ençeme täze ylmy-barlag, ylmy-tehniki merkezler açyldy. Ýokary okuw mekdepleriniň sany artdyrylyp, 24-e ýetirildi. Şeýlelikde-de, halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, Türkmenistanyň döwlet energetika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti…ýaly ýokary okuw mekdepleri açyldy.
Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Berkarar döwletimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin tagalla etmeginde Türkmenistanda dünýä bileleşiginde iň abraýly, demokratik döwletleriň birine öwrüldi.
Hormatly okyjylarymyz milli Liderimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimizde bitirilýän ägirt uly işler baradaky synlar bilen gazetimiziň şu sanynyň sahypalarynda tanşyp bilerler.
Bu ajaýyp hyzmatlary üçin merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň adyny kalbynyň çuňundan syzdyryp, Arkadag diýip tutýar hem-de Merdana Ogluny gije-gündiz alkyşlaýar!
Biz hem “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň okyjylarynyň adyndan, döredijilik toparymyzyň adyndan Mähriban Prezidentimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
«Zaman–Türkmenistan».