Ýa­po­ni­ýa­nyň “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy To­kio­da tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­dy. Tak­si ça­gyrylýan “S.Ri­de” prog­ram­ma­sy­na 10 müň ulag go­şul­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýörite tö­leg ul­ga­my hem müşderilere ýeňillik döreder. Elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa bu hyz­ma­ty üçin 5 sa­ny tak­si­çi­lik şe­re­ke­ti bi­len ylalaşyk gazandy. Şä­her­de tak­si­çi­lik­de ýi­ti bäs­deş­lik bo­lup, “So­ny”-niň iň ýi­ti bäs­de­şi “Toyo­ta”-nyň gol­daw ber­ýän “Ja­pan­Taxi” şe­re­ke­ti bo­lar. “Ja­pan­Taxi”-niň 50 müň ula­gy bar. Şeý­le hem söh­bet­deş­lik app­li­ka­si­ýa­sy “Li­ne”, dün­ýä bel­li “Uber” we Hy­ta­ýyň “Di­di Chuxing” ýaly şe­re­ket­le­riň hyzmatlary bu ugur­da­ky bäs­deş­li­gi has hem art­dyr­ýar. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da öz ula­gyň bi­len tak­si­çi­lik hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän “Uber” en­tek Tok­io ba­za­ry­na gir­me­di. Em­ma mu­nuň üçin dür­li şe­re­ket­ler bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­ýär. “So­ny”-niň ýol­baş­çy­la­ry bol­sa, bu hyz­ma­ty da­şa­ry ýurt­lar­da ýo­la goý­ma­jak­dyk­la­ry­ny bel­le­ýär­ler.
Dün­ýä­niň elekt­ro­kar önüm­çi­li­gin­de iş alyp bar­ýan “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy 2020-nji ýyl­da sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.